TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLARYNYŇ DYKGATYNA!!!

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň 2023-nji ýylyň 16-njy ýanwaryndanky 1-nji Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirilýär.

Rumyniýada wagtlaýyn bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda ses bermekleri üçin, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň (Buharest ş., Sektor 1,  Intrarea Aviator Teodor Iliescu, 33) ýanynda 1-nji saýlaw uçastogy 2023-nji ýylyň 16-njy martyndan hereket edip başlady.

Hormatly watandaşlar, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýurdumyzyň on sekiz ýaşy dolan ähli raýatlarynyň saýlamaga we sala salşyklara gatnaşmaga hukugynyň bardygyny ýatladýarys.

Saýlawlar, sala salşygyň güni, ýagny 26.03.2023ý. senede Buharest şäherine gelip bilmeýän saýlawçylar saýlaw uçastogynda öňünden ses bermäge hukuklarynyň bardygyny hem dykgatyňyza ýetirýäris.

Her bir saýlawçy diňe öz adyndan ses bermäge hukugy bardyr. Saýlawlara we sala salşyklara gatnaşýan her bir raýatyň ýanynda pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan başga resminamasynyň bolmagy hökmanydyr.

Hormatly raýatlar, saýlaw hukugyňyzy ulanyň we saýlawlara gatnaşyň!

 

 

Saýlaw uçastogynyň iş wagty (Buharest wagty):

 

Sene

Iş wagty 

Her gün

 

Arakesme

 

2023-nji ýylyň

16-njy mart – 25-nji mart aralygynda

 

09.00 – 18.00

 

12.00 – 14.00

2023-nji ýylyň 26-njy marty

07.00 – 19.00

Ýok