TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARYNA LAÝYKLYKDA

Türkmenistanyň mejlisiniň kararyna laýyklykda, şu gün, 2023-nji ýylyň 26-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirilýär.

Ir säher bilen Rumyniýanyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň raýatlary raýatlyk borjuny ýerine ýetirmek üçin 1-nji saýlaw uçastogyna ses bermäge geldiler.

1-nji saýlaw uçastogy, ýerli wagt bilen 07: 00-dan 19: 00-a çenli Rumyniýada ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlaryny kabul eder. Ilçihananyň işgärleri saýlaw uçastogynyň kadaly işlemegini, saýlawlaryň aç-açanlygyny üpjün etmek üçin zerur bolan müýkinçilikler döretdiler.

Býulletenler döwlet türkmen dilinde çap edilen. Saýlaw uçastoklarynda gizlin ses bermek üçin kabinalar we saýlaw gutulary taýýarlandy.

Rumyniýada 160-dan gowrak saýlawçy hasaba alyndy. Saýlawçylar, dalaşgärleriň iş terjimehaly, döwletiň we jemgyýetiň demokratik ösüşiniň mundan beýläkki ýoly baradaky düşünjeleri bilen tanşyp, iş we şahsy häsiýetler barada jikme-jik pikir alyşandan soň, dalaşgärleriň haýsydyr birine ses berdiler.

Dalaşgärler ýurduň üç syýasy partiýasy: Demokratik partiýa, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy, Türkmenistanyň Agrar Partiýasy we raýatlaryň başlangyç toparlary tarapyndan dalaşgär görkezildi. Deputatlar üçin köpüsi ýaş dalaşgärlerden ybarat, ýurdumyzyň şu ýyl " Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar" şygaryny kabul edendiginiň ýene bir görkezijisidir.