Turkmenistanyn Halkara gatnasyklary instituty bilen Rumynýanyň Diplomatik institutynyň arasynda tegelek stol geçirildi

2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Rumynivadaky Ilçihanasynyň ýardamy bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik institutynyň arasynda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna we Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde wideokonferensiýa görnüşinde tegelek stol geçirildi.

Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň baş müdiri Liliana Popesku-Birlan türkmen tarapyny gutlap, çykyşynda rumyn tarapynyň bilim we gözleg ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmek bilen gyzyklanýandygyny belledi. Bu nukdaýnazardan baş müdir, türkmen ýaşlaryny bilim almak üçin daşary ýurtlara iberilýän ýokary okuw jaýlaryň arasynda Rumyniýanyň uniwersitetlerini saýlandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem, rumyn tarapy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty bilen Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň arasynda bilim pudagyndaky gatnaşyklaryň 2017-nji ýylyň 9-10-njy martynda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň rektorynyň saparynyň çäginde gol çekilen Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasynda ikitaraplaýyn Hyzmatdaşlyk Memorandumynyň ylmy we bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmegine oňyn täsirini ýetirjekdigini belledi.

Türkmen wekilleri çykyşlarynda Halkara gatnaşyklary institutyň işi bilen, Türkmenistanyň Bitarap ýörelgeleri we  Türkmenistanyň daşary syýasatynyň sebit we halkara derejesinde parahatçylyk we durnuklylygy üpjün etmekdäki ähmiýeti barada çykyş etdiler.. Şol bir wagtyň özünde dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn türkmen-rumyn hyzmatdaşlygy we türkmen-rumyn diplomatik institutlaryň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösüş meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.