EÝRANYŇ ENERGETIKA MINISTRI BILEN DUŞUŞYK BARADA

2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministri Ali Akbar Mehrabianyň ýolbaşçylygyndaky eýran wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda eýran wekiliýetiniň ýolbaşçysy saparyň çäklerinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti bilen hem-de Türkmenistanyň Hökümetinde duşuşyklaryň geçirilendigini belledi we olarda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň giň meseleler toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ýokary derejeli duşuşyklaryň, hususan-da Türkmenistan bilen Eýranyň Prezidentleriniň arasyndaky ynanyşykly we netijeli gepleşikleriň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti barada nygtadylar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-eýran hökümetara toparynyň işine aýratyn üns berildi. Bu ugurda elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary, nebit-gaz ulgamynyň ileri tutulýan ugurlaryny, suw we ekologiýa ugurlaryndaky, şol sanda suw gorlaryndan bilelikde rejeli peýdalanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşiniň çäklerinde, ýurtlaryň arasynda haryt dolanyşygynyň ösüşiniň oňyn depgini barada aýyldy. Şunu bilen baglylykda, bar bolan uly mümkinçilikleri geljekde durmuşa geçirmek maksady bilen, taraplar özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin itergi bermegiň wajypdygyny bellediler.

Gepleşikleri dowamynda eýran wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň netijelerine, şeýle hem geljekki meýilleşdirilen hereketlere seredildi.