TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝUNESKO-NYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASYNY GORAMAK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA KOMITETINIŇ MEJLISINE GATNAŞMAGY

2022-nji ýylyň 27-nji noýabryndan 3-nji dekabry aralygynda Marokkonyň Rabat şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 17-nji sessiýasy geçirilýär.

Mejlise 180 gatnaşyjy ýurduň, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň, medeniýet edaralarynyň we dünýäniň ähli döwletlerinden beýleki gyzyklanýan taraplarynyň wekilleri gatnaşýar. Sessiýada türkmen tarapyna Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçisi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili M.Çaryýew we ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistan Milli toparynyň Jogapkär sekretary Ç.Rustamowa wekilçilik edýär.

Mejlisiň dowamynda Konwensiýa gatnaşyjy döwletler tarapyndan hödürlenen adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna goşmak üçin 46 sany hödürnama seredildi.

2022-nji ýylyň 1-nji dekabrynda giň ylalaşyga esaslanyp, ýokarda agzalan Komitet "Türkmen keşdesi sungaty" hödürnamasyny adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna girizmek çözgüdini biragyzdan goldady.

Bu hödürnama, 2021-nji ýylyň martynda ýurduň maddy däl medeni mirasynyň möhüm bölegi hökmünde Türkmenistan tarapyndan başlangyjy öňe sürüldi. Şol bir wagtyň özünde, Eýran Yslam Respublikasy hödürnamanyň awtordaşy hökmünde çykyş etdi.

Mejlisiň çäginde Türkmenistanyň wekiliýeti türkmen nagyşlarynyň baý sungaty barada çykyş etdi. Hökümetara komitetiň baha beriş komissiýasynyň wekilleri agzalan elementiň Türkmenistan we Eýran halklarynyň durmuşyna we ykbalyna aýratyn täsirini bellediler.

Şol gün köpmilletli “Ýüpek öndürmek we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri” hödürnamasy adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilik sanawyna girizildi. Owganystan, Azerbaýjan, Eýran, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe we Özbegistan degişli resminamalaryň işlenip düzülmegine we bu elementiň wagyz edilmegine işjeň gatnaşdylar we awtordaşlaryy bolup çykyş etdiler.

Mejlisiň dowamynda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe we Özbegistan tarapyndan bilelikde ýazylan “Hoja Nasreddiniň ýomak ýtmak däpleri” atly köpmilletli hödürnama biragyzdan tassyklandy.

Rabatdaky Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň mejlisiniň işi dowam edýär.