TÜRKMENISTANYŇ RUMYNIÝADAKY ILÇIHANASY HALKARA NOWRUZ BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN "TÄZE GÜN, TÄZE DURMUŞ " ŞYGARY BILEN SERGI GURADY.

2023-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky  Ilçihanasy, Hindistanyň we Eýranyň Buharestdäki Ilçihanalary bilen bilelikde ARCUB Medeniýet merkeziniň kömegi bilen  Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan "Täze Gün, täze durmuş " şygary bilen sergi-ýarmarkasy gurady. Her ýurt sergi-ýarmarkasynyň çäginde milli stend gurady.

Baýramçylyk maksatnamasynyň çäginde sergi-ýarmarkasynyň dabaraly açylyşy bolup, guramaçylar çykyş etdiler. Ýurtlaryň medeni mirasyna bagyşlanan milli sergi myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Türkmenistanyň Ilçihanasynyň sergisinde myhmanlar ýurduň ykdysady üstünlikleri we medeni mirasy bilen tanyşdylar. Myhmanlara türkmen halylary, milli eşikler, adaty senetler we türkmen senetçileriniň keşdeleri, kümüş şaý-sepler, saz gurallary, Türkmenistan hakda reňkli suratlar hödürlendi.  Şeýle hem, myhmanlar türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslakhatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistan baradaky beýleki neşirleriň ylmy işleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Serginiň dowamynda ykdysady ösüş we baý medeni we taryhy mirasymyz, Nowruzyň gelmegine bagyşlanan Türkmenistanda geçirilen dabaralar, türkmen halk döredijiligi we kuştdepdi ýaly milli tanslar barada wideolar görkezildi.

Sergä Rumyniýanyň resmi guramalarynyň wekilleri we diplomatik korpusyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik işgärleri, Buharestiň ýaşaýjylary, metbugat wekilleri, Buharestdäki uniwersitetlerde okaýan Türkmenistanyň talyplary gatnaşdy.