TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2023-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ähli möhüm ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýanyň sebitleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň strategik hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini kanagatlanma bilen nygtady.

Tatarystanyň Baştutany hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, ynanyşmaga esaslanýan türkmen-tatar gatnaşyklarynyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigini belledi.

Arkadagymyz döwlet we hökümet derejesindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň Tatarystan Respublikasy bilen netijeli özara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aprel aýynyň başynda Tatarystanyň Baştutanynyň ýurdumyza bolan iş saparyny hem-de öz duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga degişli meseleleriň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşylýandygy nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagynda, gämi gurluşygynda, himiýa senagatynda, howa ulaglary tehnikalaryny we ýük awtoulaglaryny ibermekde taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki üstünlikli işler hem-de bu ugurda uly kuwwatyň bardygy bellenildi.

Ýurdumyzda we Tatarystanda dürli derejede guralýan yzygiderli saparlar, wekiliýetleriň alşylmagy hem-de dürli çärelere gatnaşylmagy özara hereketleriň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilik bolup hyzmat edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, 18-19-njy maýda geçiriljek “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşjakdygy bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar dürli ugurlardaky özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýändiklerini aýtdylar.