TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Birek-biregi mübärekläp, iki dostlukly ýurduň Baştutanlary türkmen we özbek halklarynyň milli bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti özüniň özbek kärdeşini doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Özbegistan Respublikasynyň doganlyk halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde üstünlik arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Özbegistan ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Häzirki döwürde goňşy ýurtda halkyň abadançylygynyň, ýurduň dünýä giňişligindäki abraýynyň belende galmagy ugrunda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda strategik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýändigi üçin Özbegistanyň Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapynyň däp bolan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna ygrarlydygyny tassyklady.
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz onuň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, iki halkyň arasyndaky pugta doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň giň ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar oba hojalygy, elektroenergetika, nebitgaz toplumy, himiýa senagaty we beýleki pudaklarda ösdürilýär.
Syýasy-diplomatik gatnaşyklar işjeň dowam etdirilýär, halkara giňişlikdäki hereketler netijeli utgaşdyrylýar. Parlamentara gatnaşyklar hem täze ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen birlikde, hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi, olaryň netijeli peýdalanylmagy iki tarapyň bähbidine hyzmat eder.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, ähli asylly başlangyçlarynda uly üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa bagtyýarlyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.