«HAZAR DEŇZI – PARAHATÇYLYK WE DOSTLUK DEŇZI» ATLY MASLAHAT ÖZ IŞINI TAMAMLADY

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp kenarýakasynda şanly sene – Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde ylmy-amaly maslahat, sergi, sport ýaşlary, döredijilik bäsleşikleri, şeýle hem welaýatyň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary guraldy.

Myhmanhananyň eýwanynda ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamynda ýeten sepgitlerini görkezýän sergi maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu ýere ýygnananlar Hazar goraghanasynyň tebigat muzeýiniň, Türkmenbaşy şäheriniň muzeýiniň deňiz jandarlarynyň we guşlaryň ajaýyp hem-de täsin dünýäsini beýan edýän gymmatlyklary bilen tanyşdylar.

Foruma gatnaşyjylar Hazar deňziniň durnukly ösüşiniň tebigy ekoulgamyň daşky gurşawyň durnuklylygyny kepillendirýän derejesine çenli yzygiderli ýetirmegiň Hazarýaka döwletleriniň ählisiniň bilelikdäki tagallalary netijesinde mümkinçiligi barada bir pikiri beýan etdiler. 

Foruma gatnaşyjylar onuň netijelerini jemläp, Hazar deňzi sebitinde parahatçylygy, hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy saklamagyň möhümdigi barada gyzyklanma bildirýän ählitaraplaryň garaýyşlarynyň birdigini nygtap, Hazaryň ygtybarly ekologiýa goraglylygyny üpjün etmek hem-de onuň umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän kuwwatyny ösdürmek işinde halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda pikirlerini beýan etdiler.

 «Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, maslahatyň geçirilmegi üçin döredilen ajaýyp şertler, tebigaty goramak çärelerine berýän ünsi hem-de tebigatdan oýlanyşykly peýdalanylmagyny üpjün etmek, Hazaryň daşky gurşawyny netijeli goramak maksady bilen, ekologiýa ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Günüň ikinji ýarymynda «Daýanç» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda amaly-haşam sungaty we deňiz serişdelerinden taýýarlanylan bezeg işleri boýunça iň gowy eserleri döreden çagalara sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi. Şol işlerde mähriban tebigatyň, Hazaryň deňiz giňişlikleriniň gözelligi hem-de onuň goýnunda mesgen tutan, ynsanyň goragyna mätäç jandarlaryň gaýtalanmajak dünýäsi beýan edilýär.

Balkan welaýatynyň döwlet drama teatrynyň artistleriniň, deňiz ýakasynyň çagalar döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen konsert baýramçylyk agşamynyň ajaýyp jemlenmesi boldy. Milli tanslar we Hazarýaka ýurtlaryň halklarynyň aýdymlary onuň maksatnamasynyň esasyny düzdi.