TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AZERBAÝJANYŇ YKDYSADYÝET MINISTRINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi.
Myhman Türkmen döwletiniň Baştutanyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň salamyny hem-de ähli türkmen halkyna parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem Mikail Jabbarow Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we şu gezekki saparyň barşynda geçiriljek duşuşyklaryň, gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygy nygtaldy. Bu bolsa, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň uly ykdysady kuwwata eýedigi hem-de olaryň uzak möhletleýin netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygy esasynda okgunly ösdürilýändigini belledi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany biziň ýurtlarymyzyň sebit we halkara guramalaryň, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady.
Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara düşünişmek esasynda guralýan döwletara dialogyň ýetilen ýokary derejesini bellediler.
Umumy pikire görä, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna uly orun degişlidir.