Buharest şäherinde geçirilen işewürlik forumy
2023-nji ýylyň 4-5-nji oktýabry aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde “Avangarde Group” şereketiniň “Romanian Investment Zoom - RIZ” maksatnamasynyň guramagynda geçirilen işewürlik forumynyň geçirilendigi barada habar berýäris.
Çäräniň maksady - Rymyniýada kiçi we orta telekeçiligiň ösüşi, ýurduň sebitleriniň eksport-import, maýa goýum mümkinçiliklerini we bu ugurdaky kompaniýalar baradaky maglumatlary gyzyklanma bildirýän taraplara ýetirmekden hem-de daşary ýurtly kompaniýalary tapmakdan ybarat bolup durýar.
Rumyn tarapynyň wekilleri öz wekilçilik edýän etraplarynyň we welaýatlarynyň maýa goýum, eksport-import mümkinçilikleri, we bu çäklerde hereket edýän kompaniýalar barada maglumatlary ýetirdiler. Çärä gatnaşan Ilçiler we Ilçihanalaryň wekilleri öz ýurdy bilen Rumyniýanyň alyp barýan ykdysady gatnaşyklary, wekilçilik edýän ýurtlarynyň ykdysady kuwwatlylygy barada maglumatlary, şeýle hem Rumyniýa bilen söwda dolanşygy baradaky statistika maglumatlary bilen tanyşdyrdylar.
Türkmen tarapy Türkmenistanyň ykdysady ösüşi, onuň aýry-aýry ugurlary, eksport mümkinçilikleri, Türkmenistanyň maýa goýum syýasaty baradaky maglumatlary, hususan-da ýurdumyzda himiýa senagatynyň, dokma senagatynyň önümleriniň, oba-hojalyk dökünleriniň, azyk harytlarynyň, gurluşyk pudagyna degişli materiallaryň eksporty baradaky maglumatlar, bu ugurlardaky türkmen işewür kompaniýalaryň önümçilik derejeleri beýan edildi. Eksport edilýän önümler we maýa goýum taslamalary baradaky türkmen portallary barada aýdyldy. Şeýle-de türkmen we rumyn işewürleriniň arasynda gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagyň zerurlygy bellenildi. Mundan başga-da ýurdumyzyň ykdysady ösüş ugurlary baradaky maglumatlary barada prezentasiýa taýýarlanylyp, maslahata gatnaşyjylar bilen paýlaşyldy.
Şeýle hem, Ilçihanalar tarapyndan ýurdunda eksport edilýän önümleriň sergisi gurnaldy. Türkmen tarapy öz gezeginde Türkmenistanyň dokma senagatynyň gazananlaryna, oba-senagat toplumyndaky we söwda ulgamyndaky mümkinçiliklerine bagyşlap sergi taýýarlady.