Türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi we onuň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Ministr ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlamak bilen, türkmen tarapynyň öňa döwletara gatnaşyklaryny has-da berkitmek ugrunda diplomatik işini ýerine ýetirmekde hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar we özara gyzyklanma bildirilýän ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Taraplar halkara meýdançasynda, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy bellediler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň okgunly we uzakmöhletleýin häsiýeti nygtaldy. Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň arasynda ýangyç-energetika toplumy, öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamy, ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýaly pudaklaryna maýa goýumlary ýaly ugurlar bar.

Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer ulgamyny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň örän wajyp ugry hökmünde görkezdiler. Ylym we bilim, medeniýet we sungat pudaklarynda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berildi.