« TIBCO — 2024» halkara sergisi

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 16-njy maýynda, Buharest şäherinde Rumyniýanyň Söwda senagat edarasynyň paýdarlarynyň biri bolan «Romexpo S.A.» kompaniýasynyň « TIBCO — 2024»  halkara sergisinde Türkmenistanda öndürilýän önümleriň sergisi guralyp, ilkinji gezek türkmen milli senagatynyň kuwwaty görkezilýär.

Agzalan sergä gatnaşmak üçin Buharest şäherine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň; Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň;        Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň;  «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň; Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň; Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri geldiler.

Bu halkara sergä 70 töweregi kompaniýa gatnaşýar. Onda Türkmenistanyň milli pawilýony has-da özüneçekiji boldy.

Türkmen tarapy sergä gatnaşan myhmanlary Türkmenistanyň ykdysady ösüşi, onuň aýry-aýry ugurlary, eksport mümkinçilikleri, Türkmenistanyň maýa goýum syýasaty baradaky maglumatlary, hususan-da ýurdumyzda himiýa senagatynyň, dokma senagatynyň önümleriniň, oba-hojalyk dökünleriniň, azyk harytlarynyň, gurluşyk pudagyna degişli materiallaryň eksporty baradaky maglumatlar, bu ugurlardaky türkmen işewür kompaniýalaryň önümçilik derejeleri bilen tanyşdyrdylar.

Türkmen telekeçiler Türkmenistanyň öňdebaryjy önümçilikleri, mümkinçilikleri we maýa goýmak üçin şertlerini, işewürlik gurşawyny mahabatlandyrdylar Şeýle-de türkmen we rumyn işewürleriniň arasynda gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagyň zerurlygy bellenildi. Mundan başga-da ýurdumyzyň ykdysady ösüş ugurlary baradaky wideorolikler serginiň dowamynda sergä gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirlidi.

Köpugurly sergä gatnaşyjylara Türkmenistanyň ekologiýa taýdan arassa dokma önümleri, hususan-da, «Nusaý», «Gala», «Goza», «Merw», «Bedew» haryt nyşanly, ýokary hilli egin-eşikleri, trikotaž, jinsi, nah we ýüpek matalarynyň dürli görnüşleri görkezilýär. Şonuň ýaly-da, döwletimiziň dürli ugurlarda gazanýan üstünlikleri barada gürrüň berýän kitapçalar, çeper elli zenanlaryň dokan türkmen halysy, milli el işleri, azyk önümleri, nebit we himiýa önümleri, senagat önümleri, häzirki zaman kompýuter önümleri we şm. ýaly ekspozisiýalar goýuldy.

Türkmenistanda öndürilen önümleriň bu sergide görkezilmegi soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant bolar.