Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy.

Myhmanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderine BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de wise-prezidenti, Premýer ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy myhmanlary mähirli mübärekläp, dostlukly döwletiň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de BAE-niň wekilleriniň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ony täze ugurlar boýunça giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen BAE uzak möhletli we köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklar özara düşünişmegiň, ýakyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Ýurtlar ikitaraplaýyn görnüşde, BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy üstünlikli utgaşdyrýarlar hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça öňe sürülýän başlangyçlara özara goldaw berýärler.

Şunuň bilen birlikde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Ýurtlar ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, maliýe ulgamlarynda hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Şunda BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge goşan uly goşandy bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň geçen ýylyň fewralynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparynyň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «ADNOC» kompaniýasynyň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigi bellenildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekillerini BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Halk Maslahatynyň Başlygy uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän Türkmenistanda öndürilýän gazhimiýa önümleriniň dünýä bazarynda ýokary islegden peýdalanýandygyny, ýakynda bolsa «Galkynyş» gaz käninde çykymy bir gije-gündizde 2 million kub metre deň bolan täze tebigy gaz akymynyň alnandygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sebitiň ýurtlarynyň türkmen tebigy gazyny «SWAP» usulynda import etmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini belledi. Şunda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti nygtaldy.

Dostlukly ýurduň wekilleri Türkmenistanda amatly maýa goýum ýagdaýynyň we bu ugurda degişli hukuk binýadynyň döredilendigini bellediler hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de BAE-niň wekilleri birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň iki doganlyk halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.