Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Annaýew bilen Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň Döwlet sekretary duşuşyk geçirdi.

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 13-nji fewralynda Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Annaýew bilen Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň Döwlet sekretary, energetika pudagynda türkmen-rumyn iş toparynyň rumyn tarapynyň ýolbaşçysy  jenap Pawel-Kasian Nitulesku we degişli bölümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk  geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar energetika pudagynda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň bardygyny bellediler we ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek we giňeltmek üçin nebit-gaz pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiligine seredildi. Taraplar söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine aýratyn üns berdiler.

Soňra taraplar türkmen-rumyn iş toparynyň energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy boýunça alyp barýan işleri we iş toparynyň indiki ýygnagynyň Türkmenistanda geçirilmeli senesi barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen türkmen tarapy rumyn kompaniýalaryny Türkmenistanda her ýyl geçirilýän halkara nebit-gaz sergilerine we forumlaryna çagyrdy.