img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUMYNIÝA - BUHAREST
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Türkmenistana sapar bilen geldi

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa iş sapary bilen Türkmenistana geldi.

Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewany Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa mähirli garşylady.

Soňra bu ýerdäki ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy.

Oguljahan Atabaýewa myhmany Aşgabatda garşylamaga we görmäge örän şatdygyny aýtdy hem-de bu ýerde guraljak çäreleriň türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki depginli ösdürilýän döwründe öňde durýan asylly maksatlary durmuşa geçirmegiň bähbidine iki ýurduň we olaryň halklarynyň barha ýakynlaşmagyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Leýla Aliýewa mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Aşgabada gelmäge döredilen mümkinçilik üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk sözlerini aýtdy hem-de türkmen paýtagtynda meýilleşdirilen çäreleriň netijeli geçjekdigine ynam bildirdi.

Şol bir gün Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasyna baryp gördi. Bu ýerde Oguljahan Atabaýewa bilen Leýla Aliýewanyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Oguljahan Atabaýewa myhmany Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynda mübäreklemäge şatdygyny aýdyp, hususan-da, «Ene — tebigat» atly serginiň açylyş dabarasyna onuň hut özüniň gatnaşmaga gelendigi üçin hoşallyk bildirdi. 

Bellenilişi ýaly, bu taslama esasynda sergi 2024-nji ýylyň noýabrynda Bakuwda geçirilen COP 29 maslahatynyň çäklerinde Geýdar Aliýew adyndaky merkezde ilkinji gezek guraldy. Soňra sungatlaryň şeýle sergisi beýleki ýurtlarda, şol sanda Bahreýnde, Beýik Britaniýada, Şweýsariýada, ýakynda bolsa Ispaniýada üstünlikli geçirildi. 

Oguljahan Atabaýewa bular barada aýdyp, Leýla Aliýewa we onuň bilen şu ýerde, Türkmenistanda bu möhüm taslamanyň guralmagyna öz goşantlaryny goşan hemme kärdeşlere, dostlara hem-de pikirdeşlere hoşallyk bildirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti sözüni dowam edip, sergide örän özboluşly, täsin işleriň jemlenendigine, Leýla Aliýewanyň işleriniň hem örän inçeden nepis işlerdigine ünsi çekdi hem-de olara ertir sergä gatnaşýanlaryň ýakyndan göz ýetirip synlap biljekdiklerine ynam bildirdi.

Şeýle hem haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada nygtap, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ýokary derejä çykandygyny hem-de yzygiderli ilerledilýändigini, bu babatda şu ýylyň aýratyn ähmiýetli ýyl bolandygyny aýtdy.

«Biz bilelikde işlemegi, tejribe alyşmagy hem-de özara gatnaşyklarymyzy yzygiderli ilerletmäge ýardam bermegi maksat edinýäris. Biz ähli netijeli tekliplere açykdyrys» diýip, Oguljahan Atabaýewa nygtady hem-de myhmana berk jan saglyk, abadançylyk we alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa Aşgabada gelmäge çakylyk, şeýle hem mähirli garşylanandygy we bildirilen myhmansöýerlik üçin hem-de türkmen paýtagtynda «Ene — tebigat» atly serginiň geçirilmegine döredilen mümkinçilikler we berlen ýardam-goldawlar üçin türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentine hoşallyk sözlerini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler Aşgabatda geçiriljek «Ene — tebigat» atly serginiň üstünliklere beslenjekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňra myhman Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp gördi. Bu ýerde bejergi alýan çagalar özleriniň taýýarlan aýdym-sazly döredijilik çykyşlaryny görkezdiler.

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti  Oguljahan Atabaýewa myhmany bu ýerde döredilen şertler we merkeziň bölümleri bilen tanyşdyryp, alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa we Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilelikde Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine ugradylar. Bu ýerde olar «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Soňra medeni maksatnamada göz öňünde tutulan çäreler paýtagtymyzda dowam etdi. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti guraldy.