img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUMYNIÝA - BUHAREST
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Rumyniýanyň Daşary işler ministriniň geçiren duşuşygyna gatnaşdy

photo

2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Rumyniýanyň DIM-inde täze bellenen Daşary işler ministri Sebastian-Danut Nekulesku bilen Aziýa ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şol sanda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Annamämmet Annaýew bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Rumyniýanyň Daşary işler ministri ähli diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylaryny mähirli garşylady we köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan konstruktiw we dostlukly gatnaşyklary üçin olara minnetdarlygyny bildirdi. Şeýle hem, bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Rumyniýanyň Daşary işler ministri bilen bolan gysga söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Annaýew Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň adyndan onuň täze wezipä bellenmegi bilen iberen gutlag hatyny gowşurdy.

Şeýle hem, Ilçi A.Annaýew Sebastian-Danut Nekulaeskuny wezipä bellenmegi bilen gutlamak bilen, oňa jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi we türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada gysgaça beýan etmek bilen, onuň yzygiderli ösmegine umyt bildirýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar işjeň gepleşikleri mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar we dürli derejelerde dowam edýän hyzmatdaşlygyň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.