img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUMYNIÝA - BUHAREST
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň DIM-nde Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Daşary syýasaty meýilleşdirmek departamentiniň direktory bilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasaty meýilleşdirmek meseleleri boýunça Daşary işler ministrlikleriniň Türkmen-Rus geňeşmeleri geçirildi. Oňa Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Daşary syýasaty meýilleşdirmek departamentiniň direktory Alekseý Ýurýewiç Drobinin gatnaşdy.

2025–2026-njy ýyllar üçin iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň degişli bentleriniň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde geçirilen geňeşmeleriň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen duşuşyk hem boldy.

Gepleşikleriň dowamynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň häzirki meseleleri, şeýle hem daşary syýasaty meýilleşdirmek, bu ugurda tejribe we iş tejribeleri alyşmak, syýasy-diplomatik dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alşyldy.