img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUMYNIÝA - BUHAREST
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy ilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny bellediler.

Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna bagyşlanyp, bir gün öň Türkmenistanyň DIM-inde geçirilen brifingiň çäklerinde taraplar öňde boljak bilelikdäki çäreleriň taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşykda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda 2026–2030-njy ýyllar üçin Durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, Durnukly ösüş maksatlarynyň ilerledilmegine hem-de ileri tutulýan ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň utgaşdyrylmagyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.