TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GATNAŞMAGYNDA BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI DABARALAR GEÇIRILDI

photo

2020-nji ýylyň 3-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli “Welosiped” binasynyň açylyş dabarasy hem-de köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi.

Geçirilen dabaraly çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurt ilçihanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, milli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli binanyň açylyş dabarasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara aýdan Gutlag sözi bilen many-mazmun taýdan has-da baýlaşdy. Soňra ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmegindäki baýramçylyk çykyşlary bilen dabara dowam etdi.