TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI SESSIÝASYNYŇ WISE-BAŞLYKLYGYNA SAÝLANYLDY

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy. Bu barada 2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy habar berdi.

Biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna altynjy gezek saýlanýandygyny aýratyn nygtamak zerurdyr. Çünki mundan ozal Türkmenistan hut şu derejesinde 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji sessiýalara gatnaşdy.

Ýurdumyza nobatdaky gezek bu mynasyp wezipäniň ynanylmagy Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokary derejesine, Döwlet Baştutanymyzyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugrunyň işjeň häsiýete eýe bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň BMG bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy täze ösüşe, ilkinji nobatda bolsa Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek babatda uly ähmiýete eýe boldy. Döwlet ýolbaşçymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri görýär.

Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan ýüze çykýan meseleleri we gapma-garşylyklary çözmekde medeni hyzmatdaşlygyň uly ähmiýete eýedigini belleýär. Geçen ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy agza döwletleriň 73-siniň awtordaşlyk etmeginde döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny biragyzdan goldady.