TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE FRANSIÝANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Fransua Delaus bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň ösüşine goşan goşandy we hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryndaky öndürijilikli işi üçin Ilçä minnetdarlyk bildirdi. Fransiýanyň Ilçisi öz gezeginde işlemek üçin döredip beren ähli mümkinçilikleri hem-de Ilçihananyň işine beren hemmetaraplaýyn hemaýatlary dogrusynda biziň ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň berkidilmegi barada hem aýratyn belläp geçdiler. Şeýle hem halkara giňişliginde özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi barada pikir alşyldy. Taraplar ýokary derejedäki duşuşyklary gurnamak meselesine seredip geçdiler.

Taraplar şeýle-de iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar, gurluşyk, oba hojalygy, arheologiýa, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meseleleri barada hem nygtalyp geçildi.

Şeýle-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, şol sanda türkmen taryhy mirasynyň giňden tanadylmagy baradaky taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilim ugry boýunça hyzmtadaşlygyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi özüniň iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň has hem pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistandaky diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde beren hemmetaraplaýyn goldawy hem-de degişli ýardamlary üçin Türkmenistanyň Hökümetine we Daşary işler ministrligine ýene-de bir gezek özüniň minnetdarlygyny bildirdi.