TÜRKMENISTANYŇ RUMYNIÝADAKY ILÇIHANASY SPORT ÇÄRELERINI GEÇIRDI

2021-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Rumyniýanyň Buharest şäheriniň Politehniki uniwersiteti (UPB) bilen bilelikde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlap, şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramçylygy we «TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY» ýyly mynasybetli bu uniwersitetiň sport toplumynda Rumyniýada bilim alýan türkmen we daşary ýurt talyplarynyň gatnaşmagynda sportyň kiçi futbol we stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça sport ýaryşlaryny geçirdi.

Diplomatic mission of Turkmenistan in Bucharest organizes sport tournament

Sport çäresiniň açylyş dabarasynda Rumyniýanyň Buharest şäheriniň Politehniki uniwersitetiniň (UPB) rektory Minea Kostoiu we Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi
A. Annaýew gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Çykyş edenler halklary ýakynlaşdyrmagyň, parahatçylygy we dostlugy ýola goýmagyň serişdesi hökmünde sportuň ähmiýeti, şeýle hem Türkmenistanyň milli sporty we halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmeklige gönükdirilen başlangyçlary dogrysynda belläp geçdiler.

Soňra oýunlaryň başlandy. Mini-futbol ýaryşyna Rumyniýanyň Buharest we Kluj şäherlerinden gelen, türkmen talyplaryndan düzülen “Garaşsyzlyk”, “Bitaraplyk” we “Ýüpek ýoly” toparlaryndan, şeýle-de rumyn talyplaryndan düzülen uniwersitetiň adybir “UPB” we “FILS” (uniwersitetiň Inženerçilik we daşary ýurt dilleri fakultetiniň daşary ýurtly talyplardan düzülen topary) toparlaryndan ybarat bolan jemi 5 topar gatnaşdy.

Oýunlaryň netijelerine boýunça, birinji orny “FILS” daşary ýurtly talyplar topary, ikinji orny Kluj şäherinden gelen “Ýüpek ýoly” topary we baýrakly üçünji orny Buharestiň “Garaşsyzlyk” topary eýeledi.

Şol bir wagtyň özünde, talyp gyzlaryň arasynda sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça ýaryşlar dowam etdi we olar hem bu görnüş boýunça öz başarjaňlyklaryny subut etdiler.

Bäsleşigiň ahyrynda sportuň iki görnüşi boýunça ýeňijileri we baýrak alanlary sylaglamak dabarasy geçirildi. Mini-futbol we stoluň üstünde oýnalýan tennis ýaryşlarynyň ýeňijilerine hormat hatlary we ýadygärlikler sowgatlar sowgatlar (futbol toplary, stol tennisi raketalary we kuboklar) gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda türkmen milli tagamlarynyň baýramçylyk saçagy guraldy.