TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ WISE-BAŞLYKLYGYNA SAÝLANDY

2021-nji ýylyň 20-21-nji apreli aralygynda Ženewada BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) 69-njy mejlisiniň duşuşygy geçirildi. Aýlawly ykdysadyýet we geljek iki ýylyň dowamynda onuň ugruny kesgitlemek ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak maksady bilen çäräniň işine BMG ÝYK-nyň gatnaşyjy-ýurtlaryň ministrleriniň we ministrleriň orunbasarlarynyň derejesindäki wekilleri gatnaşdylar.   

«Ýewropa ykdysady komissiýasynyň sebitinde aýlawly ykdysadyýetiň ösüşiniň we tebigy gorlaryň durnukly ulanylyşynyň ýaýbaňlandyrylmagy» tema boýunça geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow çykyş etdi.

Öz çykyşynda M.Serdarow goşulan bahanyň ähmiýetiniň artdyrylmagyna esaslanan aýlawly ykdysadyýete geçmegiň diňe tebigy serişdeleriň gorlaryna gözegçiligiň güýçlendirilen we tebigy kapitalyň azalmajak derejesinde saklanylmagy üçin gaýtadan dikeldilýän gorlaryň durnukly balansynyň berjaý edilen ýagdaýynda mümkin boljakdygyny belläp geçdi.

2021-nji ýylyň 21-nji aprelinde günüň ikinji ýarymynda BMG ÝYK-na agza-ýurtlaryň arasyndan Komissiýanyň Başlygynyň we başlygyň orunbasarlarynyň wezipesine saýlawlar geçirildi. 

Biragyzdan kabul edilen çözgüt bilen, 2021-2023-nji ýyllar döwür üçin BMG ÝYK-nyň Komissiýanyň Başlygynyň we başlygyň orunbasarlarynyň wezipesine indiki ýurtlar saýlandy: Başlyk – Awstriýa Respublikasy; Wise-başlyklar bolsa – Şweýsariýa Konfederasiýasy we Türkmenistan.