Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy kiçi futbol boýunça ýaryşy gurady

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30-ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy 2021-nji ýylyň 18-nji  sentýabrynda  kiçi  futbol  boýunça  ýaryşy  gurady.

Agzalan çäre Rumyniýada akkreditirlenen diplomatik korpusynyň wekilleriniň hem-de Rumyniýada bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda, Russiýa Federasiýasynyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň ýanyndaky mekdebiniň sport toplumynda geçirildi.

Çäräniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan  daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Annaýew çykyş etdi. Çykyşyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda gazanan içeri we daşary syýasatynyň üstünlikleri, şeýle hem ýurdumyzyň häzirki döwür hem-de gelejek üçin ileri tutýan ugurlary barada belläp geçdi.

 

Açylyş dabarasynyň dowamynda çärä gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Rumyniýadaky Ilçileri hem gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Ýaryşa Rumyniýadaky türkmen talyplaryndan, Russiýanyň, Eýranyň hem-de Hindistanyň diplomatlaryndan ybarat bolan jemi alty sany topar gatnaşdy.

Geçirilen ýaryşyň netijeleri boýunça birinji orny Türkmenistanyň topary eýeledi, ikinji orny Eýranyň topary we üçinji orny Russiýanyň topary eýeledi.

Çäräniň ahyrynda bäsleşigiň ýeňijileri üçin baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi.