TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA IKI GÜNLÜK RESMI SAPARY

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 4-5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iki günlük resmi sapary guraldy.

4-nji oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary howa menzilinde garşyladylar. Soňra türkmen we özbek Liderleriniň Garaşsyzlyk we ynsanperwerlik binasyna gül dessesini goýmak dabarasy geçirildi.

Şol gün Daşkent şäheriniň “Ýaşnabad” innowasion tehnoparkynda türkmen-özbek ykdysady forumy guraldy. Bu toplumda innowasion häsiýetli taslamalar amala aşyrylýar, dürli ugurlarda ylmy işläp taýýarlamalar we barlaglar geçirilýär.

Ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalaryna Özbegistanda öndürilýän awtoulaglar hem-de oba hojalyk tehnikalary hem-de daşary bazarlarda uly islege eýe bolan bu ýurduň haryt-önümleriniň dürli görnüşleri görkezildi.

Häzirki wagtda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň Türkmenistanyň we Özbegistanyň örän baý tebigy serişdeleriniň hem-de bar bolan ägirt uly ykdysady we eksport kuwwatynyň dürli ugurlarda, hususan-da, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat, himiýa ugry, elektroenergetika, oba hojalygy pudaklarynda, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.

Forumyň çäklerinde Ikitaraplaýyn resminamalaryň 13-sine, şol sanda jemi ABŞ-nyň 13,5 million dollaryna golaý bolan eksport-import amallaryny amala aşyrmak baradaky resminamalara gol çekildi.

Forum tamamlanandan soňra, aýry-aýry ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, döwlet we hususy düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.