TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI OWGANYSTANYŇ GOŇŞY DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda EYR-nyň Tähran şäherinde Owganystanyň goňşy döwletleriniň we Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygy geçirildi.

Nobatdaky gepleşiklere Özbegistanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary, şeýle-de Russiýanyň hem-de Hytaýyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistana wekilçilik etdi.

Diplomatlar Owganystanda milli toparlaryň ählisiniň gatnaşmagynda inklýuziw hökümetiniň döredilmeginde taraplaryň özara goldaw bermeklige gönükdirilen tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň zerurlygyna aýratyn üns berdiler.

Owgan topragynda abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi hem-de ýurduň sebit ähmiýetli iri göwrümli ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky taslamalara işjeň çekilmeginiň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy nobatdaky duşuşygyň esasy mowzuklarynyň hatarynda boldy.

Türkmenistan Owganystan boýunça geçirilýän köptaraplaýyn gepleşiklere yzygiderli gatnaşýar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Owganystan bilen gatnaşyklaryny ösdürip, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň taryhy we medeni ösüşiniň umumylygyny hemişe bu gatnaşyklaryň esasynda goýýar.

Nobatdaky duşuşygyň dowamynda türkmen tarapynyň Owganystanda parahatçylygyň, ylalaşygyň hem-de bitewüligiň tizden-tiz berkarar bolmagy üçin degişli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, zerur şertleriň döredilmegine goňşy we bitarap döwlet hökmünde goldaw bermäge taýýardygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy.