TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ ÝOKARY DEREJELI BILERMENLER MISSIÝASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Statistika boýunça edarasynyň Demografiki statistika bolüminiň başlygy Srjan Mrkiç bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň, hususan-da BMG-niň Statistika boýunça edarasynyň hem-de BMG-niň Ilat Gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mükinçilikleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň esasy temasy 2022-nji ýylda Türkmenistanda doly ilat we ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýazuwyny geçirmäge taýýarlyk görmek meseleleri boldy. Bu uly möçberli çärä taýýarlyklaryň çäklerinde ýurdumyzda depginli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Duşuşygyň barşynda R.Meredow täze bellenen BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistan boýunça direktory Ronni Olaf Lindstorm bilen mähirli salamlaşyp, oňa täze bellenen wezipesinde üstünlik arzuw etdi hem-de Türkmenistanyň BMG-niň Ilat Gaznasy bilen däp bolan hyzmatdaşlygynyň dowam etdiriljekdigi barada ynandyrdy.

BMG-niň Statistika boýunça edarasynyň we Ilat Gaznasynyň ilat ýazuwyny geçirmegi gurnamakda ýurtlara ýardam bermek boýunça tejribelerini nazara almak bilen, türkmen tarapynyň bu halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygynyň görnüşlerine seredildi.

Mundan başga-da statistika maglumatlaryny toplamak we seljermek, gender deňligi hem-de aýallaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, ýaşlaryň abadançylygy we ösüşi ýaly hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary boýunça hem pikir alşyldy.