SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY TAMAMLANDY
2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary tamamlandy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň formatynyň çäklerinde birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň...
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 32 ÝYLLYGY – DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ SAHYPALARYNDA
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli çäreler hem dabaralar geçirilip, döwletimiziň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini beýan edýän, owadan bezelen neşirler çap edilýär. Bu baýramçylyk wakalar dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe žurnallar, şol sanda, şanly senä bagyşlanyp, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan taýýarlanan «Türkmeni...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata Peksany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatlaryny gowşurdy. Diplomat Türkmenistanyň Prezidentine Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişeliň we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýeniň iberen mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyn...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «CLAAS» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY, GERMAN YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GFR-iň «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzeri kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen gutlady we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şunda «CLAAS» kompaniýasynyň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygy tassyklanyldy, munuň üçin ýurdumy...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY RUSSIÝANYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda ýokary derejeli myhman Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady we Tatarystan Respublikasynda türkmen halkynyň Mil...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY «JOHN DEERE» KOMPANIÝASYNYŇ OBA HOJALYK BÖLÜMINIŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY
2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «John Deere» amerikan kompaniýasynyň oba hojalyk bölüminiň prezidenti Mark fon Pents bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda myhman Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutlady we ýurdumyzyň halkyna abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzda obasenagat toplumy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝANYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi. Russiýanyň iri sebitleriniň biriniň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy doglan güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem I.Babuşkin Türkmenistana gelmäge örän şatdygyny belläp, Astrahan oblasty bilen Türkmenistany ozaldan gelýän dostluk hem-de dürli ugurlar boýunça ösdürilýän n...