img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUMYNIÝA - BUHAREST
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Iýun

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekili bilen duşuşyk barada

2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapachenko hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekili Narine Saakyan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň «BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ul...

DOWAMY
pic
1 Iýun

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabaraly baýramçylyk çäreleri geçirildi

2026-njy ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Bu baýram mynasybetli, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň çagalaryna we halkyna baýramçylyk gutlagyny iberdi. Şeýle hem dabaraly çäre paýtagtymyzyň «Aşgabat» medeniýet we dynç alyş seýilgähinde geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi, Saglygy goraýyş we de...

DOWAMY
pic
1 Iýun

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi

2026-njy ýylyň 30-njy maýynda Buharest şäherinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Bu halkara gün 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan makullanyldy. Çärä Buharest şäher häkimligi we “Ýaşyl rewolýusiýa” birleşigi goldaw berdi. Oňa diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ilçihanalaryň wekilleri, Rumyniýanyň DIM-niň wekilleri türkmen raýatlary hem-de Rumy...

DOWAMY
pic
30 Maý

Ukrainanyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili bilen geçirilen duşuşyk barada

2026-njy ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ukrainanyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili hökmünde Aşgabatdaky diplomatik wezipesini tamamlaýan Petro Makarenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar Türkmenistan bilen...

DOWAMY
pic
30 Maý

Waşingtonda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 29-njy maýynda Waşington şäherindäki Ak tamda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubio duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we onuň dürli ugurlar boýunça ösdürilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler soňky döwürde ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik dialogyň işjeňleşendigini kanagatlanma bilen belläp, ýokary we iň ýokary der...

DOWAMY
pic
29 Maý

Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 27-nji maýynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, HKP MK-nyň Daşary işler boýunça komissiýasynyň kanselýariýasynyň ýolbaşçysy, Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan Iniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy hytaýly kärdeşini BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk çekişmelerini...

DOWAMY
pic
29 Maý

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 28-nji maýynda Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy Annalena Berbok bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarynyň durmuşa geçirilişi barada maglumat berdi. Bu ugurlar halkara syýasaty we howpsuzlyk, durnukly ösüş, howa gün tertibi hem-de ynsanperwer hyzmatdaşly...

DOWAMY