SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY EÝRANYŇ PREZIDENTI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MÖHÜM UGURLARYNY MASLAHATLAŞDYLAR
2023-nji ýylyň 30-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygy boldy. Prezident Seýed Ebrahim Raisiniň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu gezekki saparyna uly ähmiýet berilýär. Bu saparyň netijeleri döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna itergi berer. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýu...
BUHAREST ŞÄHERINDE ŞERTNAMALAÝYN-HUKUK BINÝADY TÜKELLEMEK MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUMYN GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2023-njy ýylyň 31-nji maýynda iki ýurduň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny tükellemek we kämilleşdirmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hereket edýän we güýjüni ýitiren döwletara, hökümetara we pudagara şertnamalaryň we beýleki resminamalaryň, şeýle hem işlenilýän taslamalaryň sanawyny ara alyp maslahatlaşdylar. Geňeşmeler türkmen-rumyn gatnaşyklaryna mahsus bo...
TÄHRANDA TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 30-31-nji maýy aralygynda iki günlük iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda bolýar. Dostlukly türkmen-eýran gatnaşyklary ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar, ähli esasy ugurlardaky, ilkinji nobatda, ykdysady ulgamdaky netijeli dialogyň okgunly ösüşi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurtlarymyz sebitde uzak möhletleýin hyzmatdaş bolmak bilen, häzirki...
TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ GAÝTADAN SAÝLANYLAN PREZIDENTINE GUTLAG HATY IBERILDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow maşgalasy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli Rejep Taýyp Ärdogana gutlag hatyny iberdiler. Gutlag hatynda türkmen halkynyň adyndan türk halkynyň durmuşyndaky iň taryhy gün, demokratiýa eradasy esasynda gazanan syýasy üstünligi we ýeňşi mynasybetli türk Liderine tüýs ýürekden çykýan gutlaglar...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILIÝETI 10-NJY NEWA HALKARA EKOLOGIÝA KONGRESINIŇ IŞINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 26-njy maýynda Sankt-Peterburgda geçirilýän onunjy Newa halkara ekologiýa kongresiniň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy umumy mejlisde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň daşky gurşawy goramakdan we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmakdan ybaratdygy barada nygtady. Amatly daşky gur...
JOINT STATEMENT FOLLOWING THE 4TH MEETING OF SPECIAL REPRESENTATIVES AND ENVOYS FOR AFGHANISTAN IN THE "CA-EU" FORMAT IN ASHGABAT
Joint Statement by Special Representatives and Special Envoys for Afghanistan of the European Union, Republic of Kazakhstan, Kyrgyz Republic, Republic of Tajikistan, Turkmenistan and Republic of Uzbekistan and the EU Special Representative for Central Asia following the meeting on 26 May 2023 in Ashgabat The fourth meeting in the EU and Central Asia Special Representatives and Special Envoys for Afghanistan and the EU Special Representative for Central Asia format was held on 25-26...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE “MERKEZI AZIÝA-ÝEWROPA BILELEŞIGI” FORMATDA OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILLERIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatynda Owganystan boýunça Ýörite wekilleriň dördünji duşuşygy geçirildi. Wekilçilikli forumyň işine Ýewropa Bileleşiginiň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Owganystan boýunça ýörite wekilleri hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili gatnaşdylar. Duşuşyga BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili we...