SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN PALESTINA DÖWLETINE YNSANPERWERLIK KÖMEGINI IBERDI
Giň gerimli, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda ynsanperwer ugurly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Asyrlaryň dowamynda halkymyz parahatçylyk söýüjilik, raýdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek...
AŞGABAT ŞÄHERINE BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriň toruna “Dizaýn” ugry boýunça girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň we Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, mugallymlar we talyplar, metbugat wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daş...
TÜRKMENISTAN «G7» WE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Merkezi Aziýanyň we «Uly ýediligiň» («G7») ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna onlaýn görnüşde gatnaşdy. Duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Kanadanyň, ABŞ-nyň we Fransiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Çäre Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawanyň ýolbaşçylygynda geçdi....
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI KÖPUGURLY DÖWÜRLEÝIN SYN BOÝUNÇA IŞ TOPARYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 6-17-nji noýabry aralygynda Ženewada Köpugurly döwürleýin syn boýunça iş toparynyň 44-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilýän Türkmenistanyň 4-nji synyna gatnaşdy. Agzalan çäräniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti adam hukuklary ugrunda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça ýurdumyzyň syýasatynyň esasy ugurlary barada hasabat bilen çykyş etdi...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Gazgystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşdy. Şeýle hem sammite Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Wengriýanyň Premýer-ministri Wikt...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ GAZAGYSTANYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary boldy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynynyň Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Gazagystanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderine Gazagystana gelmek b...
AŞGABAT ÝUNESKO-NYŇ DÖREDIJILIK ŞÄHERLERINIŇ TORUNA GOŞULDY
023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda, Bütindünýä şäherler gününde ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azuleniň çözgüdine görä Aşgabat şäheri ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça resmi taýdan goşuldy. Mälim bolşy ýaly, bu ugurdaky başlangyçlar 2021-nji ýylda başlanylyp, Türkmenistan tarapyndan ÝUNESKO-nyň düzüm birlikleri, komitetleri we halkara hünärmenleri bilen bilelikde degişli işler geçirildi. Bu ýyllaryň dowamynda Aşgabat dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan dünýäde owadan...