SOŇKY HABARLAR
Alžiriň Ilçisi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy
2026-njy ýylyň 29-njy iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Boumediene Guennaddan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen döwlet Baştutanymyzyň adyndan gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw et...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
2026-njy ýylyň 28-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny belledi hem-de Aşgabadyň gözel binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy. Şeýle-de ol Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti diwersifikasiý...
Türkmenistanyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykýar
2026-njy ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş bankynyň (ÝTÖB) Prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary depginler bilen dowam etdirilýändigini bellediler. ÝTÖB-niň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, “ýaşyl” energiýanyň ösdürilmegini, sebitleýin özara gatnaşyklaryň we ekologiýa taýda...
Türkmenistanyň we Täze Zelandiýanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi
2026-njy ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täze Zelandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň departament başlyklarynyň derejesinde wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik gepleşikleri ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Umumy parahatçylygy we durnuklylygy ilerletmek meseleleri boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň meňzeşligi bellenildi. Taraplar abr...
ürkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 27-nji iýulynda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerdi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine Eýranda möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de Prezident Masud Pezeşkianyň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryn...
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklarynyň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 27-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklary – Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg Malwajerdiň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem ikitaraplaýyn görnüşde hem-de, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Gur...
KHBS üçin maglumat
2026-njy ýylyň 25-nji iýulynda halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Hazar deňziniň suw giňişliginde deňiz gämisine edilen hüjüm barada maglumatlar çap edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şeýle hereketleriň ýol berilmesizdigini beýan edýär. Türkmenistan hazarýaka döwletleriniň biri bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurt hökmünde Hazar deňziniň parahatçylygyň, agzybi...