SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERI WE JENAÝATÇYLYK BOÝUNÇA MÜDIRLIGINIŇ SEBITLEÝIN WEKILHANASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň Merkezi Aziýada sebitleýin wekili hanym Aşita Mittalyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň sebitleýin wekiline sapar bilen gelendigi hem-de Aşgabatda Ýakyn we Orta Gündogarda neşe serişdeleriniň bikan...
Turkmenistanyn Halkara gatnasyklary instituty bilen Rumynýanyň Diplomatik institutynyň arasynda tegelek stol geçirildi
2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Rumynivadaky Ilçihanasynyň ýardamy bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik institutynyň arasynda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna we Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde wideokonferensiýa görnüşinde tegelek stol geçirildi. Rumyniýanyň Diplomati...
"Hazar deňzi - Gara deňiz" Halkara ulag koridorynyň Ekspert Iş Topary ýygnagy gecirildi.
2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda, türkmen tarapynyň başlangyjy bilen, “Hazar deňzi - Gara deňiz” halkara ulag geçelgesi boýunça Hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Azerbaýjanyň, Gruziýanyň wekilleriniň, Rumyniýanyň we Türkmenistanyň Ilçihanalarynyň, şeýle hem ministrlikleriň we pudak edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda hünärmenleriň dörttaraplaýyn iş toparynyň nobatdaky mejlisi göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Türkmen tarapyndan Türkmenistan Ministrler Kabinet...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ MERKEZI AZIÝA WE ÝB-NIŇ ARASYNDAKY ÖZARABAGLANYŞYK BOÝUNÇA MASLAHATYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Samarkand şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özarabaglanyşyk boýunça: Durnukly ösüş üçin ählumumy derweze atly maslahatyna gatnaşdy. Onda şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň hökümet wekiliýetleri hem-de ýewropaly syýasy we maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň maksady 2021-nji ýylyň 1-nji dekabrynda işe gir...
TÜRKMENISTAN WE TÜRKIÝE PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRÝÄR
2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament toparyna ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Aşgabada gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşygy boldy. Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy myhmany ýörite zala...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINDE TÜRKIÝÄNIŇ PARLAMENT WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda saparda bolýan parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen parlamentiniň komitetleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda çäkli görnüşde Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa bilen geçirilen duşuşygyň barşynda kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň, iki ýurduň halklarynyň bähbidine parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekk...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝÄNIŇ BEÝIK MILLET MEJLISINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopy kabul etdi. Ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň aýdan hoşniýetli sözlerini we türkmen halkyna iberen arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentim...