RSS

SOŇKY HABARLAR

7 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «ТАLIBAN» HEREKETINIŇ SYÝASY EDARASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň «Таliban» hereketiniň syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Molla Abdul Gani Baradaryň baştutanlygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmagyň hem-de saklamagyň derwaýyslygyny belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda owgan halky...

DOWAMY
2 Few

TÜRKMENISTAN BILEN BMG-NIŇ ARASYNDA MILLI WE SEBITLEÝIN DEREJELERDE HYZMATDAŞLYK ETMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2021-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň we onyň düzümleriniň ýurtdaky we sebitdäki ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Mejlis gibrid formatynda geçirildi, ýagny käbir gatnaşyjylar zalda bolup, olaryň käbirleri-de wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly çärä gatnaşdylar.    Hususan-da, duşuşyga BMG-niň düzümleriniň, şol sanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, Ösüş maksatnamasynyň, ÝUNISEF-iň...

DOWAMY
21 Ýan

AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Aziz ogly Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky azerbaýjan wekiliýetiniň Türkmenistana iki günlük sapary başlandy. Şu gün, 21-nji ýanwarda Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Soňra Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Aziz ogly Baýramow...

DOWAMY
21 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTLERINIŇ DUŞUŞYGY

2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.  Duşuşygyň barşynda Prezidentler iki ýurduň we halkyň arasynda özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgelerine, şeýle-de taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny tassykladylar. Döwlet baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady we...

DOWAMY
19 Ýan

METBUGAT-RELIZI TÜRKMENISTAN WE FRANSIÝA: DOSTLUGY HEM-DE ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ ÝOLUNDA

2021-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň paýtagtyna iş saparyny amala aşyrdy, onuň barşynda Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan administratiw we durmuş maksatly desgalaryň ýagdaýy bilen tanyşdy. Türkmenistanyň uzak ýyllaryň dowamynda «Bouygues Batiment International» kompaniýasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk saklaýandygyny bellemek zerurdyr, kompaniýa öz nobatynda administratiw, medeni we sport maksatly dürli desgalaryň gurluşygyny durmu...

DOWAMY
19 Ýan

TÜRKMENISTAN MERKEZI AZIÝADA «SPUTNIK V» SANJYMYNY BELLIGE ALAN ILKINJI DÖWLET BOLDY

2021-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi.   Göni maýa goýumlaryň rus gaznasynyň (GMRG) baş direktory Kirill Dmitriýew «Türkmenistan Merkezi Aziýada «Sputnik V» sanjymynyň ulanylyşyny resmi taýdan makullan ilkinji ýurt boldy. Hyzmatdaşlarymyz sanjymyň howpsuzlygyna we netijeliligine ýokary baha berdiler, çünki ol bu günki günde koronawirusa garşy göreşmegiň dünýä derejesi...

DOWAMY
16 Ýan

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň metbugat brifingi baradaky Press-reliz

2021-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň üç infrastruktura desgalaryny - “Akina-Andhoý” beketleriniň aralygynda 30 kilometrlik demir ýolunyň açylyş, Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny we  üstaşyr akymlary hem-de Kerki (Türkmenistan) – Şibergan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçiriji...

DOWAMY