SOŇKY HABARLAR
Moskwa şäherinde Türkmenistandaky möhüm wakalara bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre, şeýle-de Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň täze «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Çäre jemgyýetçilik we akademiki düzümleriň wekillerini, atçyl...
ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň başlyklyk etmeginde ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkä...
Türkmenistanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky täze Hemişelik wekili wezipesine girişdi
2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Jidda şäherindäki merkezi edarasynda ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bu abraýly halkara guramanyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekil wezipesine resmi taýdan girişdi. YHG-niň Baş sekretary Hisseýn Brahim Taha ynanç hatlaryny kabul edip, Türkmenistanyň yslam dünýäsindäki aýratyn ornuny nygtady. Onuň...
Bişkekde 2026-njy ýylyň şygaryna we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanylan çäre geçirildi
?Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan—bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli 2026-njy ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy J.Balasagyn adyndaky Gyrgyz Milli Uniwersitetinde bilim leksiýasyny geçirdi. Çärä uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylara hemişelik bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara peýdaly...
Aşgabatda geçirilen maslahat Türkmenistanyň diplomatiýasynyň barha artýan ornuny tassyklady
2026-njy ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde institutyň foýesinde hünär baýramyna bagyşlanan hem-de Türkmenistanda yglan edilen 2026-njy ýylyň şygary bilen sazlaşykdaky atçylyk mo...
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag boýunça komitetiniň 88-nji mejlisine gatnaşýar
2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Ženewada BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK) Içerki ulag boýunça komitetiniň (IUK) 88-nji mejlisi öz işine başlady. Bu komitet ulag we ulag syýasatynyň ösdürilmegi boýunça esasy halkara meýdançalarynyň biridir. Içerki ulag boýunça komitetiň häzirki 88-nji mejlisi döwletleriň ulag edaralarynyň ýolbaşçylaryny, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, degişli düzümleriň wekillerini, ulag işewürliginiň we bilermenler jemgyýetçiliginiň agzalaryny birleşdirýär....
Rumyniýadaky Türkmenistanyň Ilçihanasynda 2026-njy ýylyň şygaryna we Diplomatik işgärleriň gününe bagyşlanan çäre geçirildi
2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň binasynda 2026-njy ýylyň "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany" atly şygaryna bagyşlap, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli çäre geçirildi. Bu çärä Rumyniýada ýaşaýan türkmen talyplary we türkmen raýatlary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda 2026-njy ýyly "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany" şygary bilen yglan etmegiň Türkmenistan...