SOŇKY HABARLAR
Türkmen filmleriniň günleriniň açylyşy geçirildi
2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan Rumyniýanyň Milli daýhançylyk muzeýiniň kinoteatrynda gurnalan türkmen filmleriniň günleriniň açylyşy geçirildi. ürkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Oguzhan Turkmenfilm” birleşiginiň filmleriniň görkezilişi “Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak” ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýär. Çärä Rumyniýanyň ministrlikleri...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Iki goňşy döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Prezident Serdar Be...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşdy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, iki sebitiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli forumyň çäklerinde duşuşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz T...
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: agzybirligiň, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dünýä ýüzüne dabaralanmasy» atly maslahat
2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: agzybirligiň, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dünýä ýüzüne dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Hökümet agzalary, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mug...
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministrini kabul etdi
2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi. Myhman özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy we ähli türkmen halkyny mübärek Oraza baýramy mynasybetli gutlady hem-de pursatdan peýdalanyp, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Saud Arabystanynyň Patyşasy Salma...
Türkmenistanyň Prezidenti halkara sport guramalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory Huseýn Al-Musallamy hem-de Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň birinji wise-prezidenti, Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad Al Tanini kabul etdi. Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, halkara derejeli türgenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan giň ger...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Döwlet Baştutanymyz hem-de Eýranyň Prezidenti mähirli salamlaşyp, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna mübärek Oraza baýramy mynasybetli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Şeýle-de goňşy döwletiň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy G...