RSS

SOŇKY HABARLAR

30 Okt

NORWEGIÝADA TÜRKMEN-NORWEGIÝA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Osloda Türkmenistanyň we Norwegiýa Patyşalygynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-norwegiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi. Norwegiýanyň wekiliýetine Norwegiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Audun Halworsen ýolbaşçylyk etdi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary, sebit hem-de halkara gün tertibi, şeýle hem Merkezi Aziýadaky we Owganystandaky ýagdaýlar işjeň ara alny...

DOWAMY
29 Okt

TÜRKMENISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARY WE HZG: ÝAKYN GELJEK ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI

Häzirki wagtda Ženewada Halkara zähmet edarasynyň Administratiw geňeşiniň 337-nji mejlisi geçirilýär, onuň barşynda institusional häsiýetli, syýasatyň kemala getirilmegi bilen bagly meselelere, şeýle hem hukuk, maliýe we administratiw meselelerine seredilýär.    Halkara zähmet maslahatynyň geljekki mejlisleriniň gün tertibiniň meseleleri, şeýle hem Halkara zähmet maslahatynyň şanly 108-nji mejlisiniň jemleri boýunça geljekki amala aşyrylmaly hereketler ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy temasy...

DOWAMY
28 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ AGZA-DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ MASLAHATYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň 18-nji Maslahatynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň Türkmenistanda işleýan wekilhanalarynyň ýolbaçylary we işgärleri, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň barşynda Türkmenistany...

DOWAMY
27 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WE MALAÝZIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRI IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ ÖSÜŞ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2019-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň paýtagtyna resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamadyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi.  Gepleşikleriň başynda, myhmany mähirli garşy alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysyna çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Gepleşikler ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara mesel...

DOWAMY
26 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE MALAÝZIÝANYŇ YKDYSADY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Malaýziýanyň Ykdysady işler ministri Dato Seri Mohamed Azmin bin Aliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda biri-birini mähirli garşylap, taraplar iki ýurduň ykdysadyýet we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygynyň oňyn ösüş dinamikasyny kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýet ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşin...

DOWAMY
26 Okt

TBILISI ŞÄHERINDE HALKARA AWTOULAG GATNAWLARY BOÝUNÇA TÜRKMEN-GRUZIN BILELIKDÄKI TOPARYNYŇ IKINJI MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 21-25-nji oktýabry aralygynda Tbilisi şäherinde halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-gruzin bilelikdäki toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary, Gruzin wekiliýetine bolsa bu ýurduň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi. Wekiliýetler söwda dolanşygynyň statistiki maglumatlary we iki ýurduň arasyndaky awtoulag gatnawlarynyň möçberi barada pikir alyşdylar. Halka...

DOWAMY
26 Okt

MOSKWADA GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Moskwada «Сколково» tehnoparkynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. GDA gatnaşyjy-döwletleriň ýokary derejeli wekilýetleri, şeýle-de, GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine Ýetiriji sekretary S.Lebedew mejlise gatnaşmak üçin Moskwada jemlendiler. Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň çäklendirilen düzümdäki mejlisiniň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ykdysady hyzmatdaşlygyň meselel...

DOWAMY