RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Iýun

«ENI» ITALÝAN KOMPANIÝASYNYŇ MERKEZI AZIÝA SEBITI BOÝUNÇA ÝERINE ÝETIRIJI WISE-PREZIDENTI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 4-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew bilen Italiýa Respublikasynyň «ENI» kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça Ýerine ýetiriji wise-prezidenti L.Winýatiň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşykda taraplar «ENI» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işi baradaky meseleleri, geçirilýän işleriň netijelerini we «COVID-19» bilen bagly wehimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen aç...

DOWAMY
pic
3 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GATNAŞMAGYNDA BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI DABARALAR GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 3-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli “Welosiped” binasynyň açylyş dabarasy hem-de köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi. Geçirilen dabaraly çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurt ilçihanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, milli we daşary ýurt habar beriş...

DOWAMY
pic
3 Iýun

“Bütindünýä welosiped güni” mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi guraldy

2020-nji ýylyň 3-nji iýunynda Ilçihanamyz tarapyndan Rumyniýanyň hökümete degişli däl “Green Revolution” guramasy bilen bilelikde “Bütindünýä welosiped güni” mynasybetli we Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlap, Buharest şäherinde welosiped ýörişiniň guraldy. Agzalan welosiped ýörişine Rumyniýada bilim alýan türkmen talyplary, Ilçihananyň hem-de “Green Revolution” guramasynyň işgärleri gatnaşdylar. Çäräniň açylyşynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A.Annaýew çyky...

DOWAMY
pic
2 Iýun

RF-NIŇ TATARSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary, Senagat we söwda ministri A.Karimow bilen duşuşygy geçirildi. Wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen duşuşykda türkmen wekiliýetine şonuň ýaly-da «Türkmenhimiýa» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmendeňizderýaýollary» we «Türkmenawtoulaglary» agentlikleriniň ýolbaşçylary, Türkm...

DOWAMY
pic
2 Iýun

ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ ŞERTNAMASYNY DÖWREBAPLAŞDYRMAK BOÝUNÇA TOPARYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 2-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toparyň mejlisi geçirildi. Köptaraplaýyn gepleşiklere Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Awstriýanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Belgiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň, Gruziýanyň, Ispaniýanyň, Gazagystanyň, Kipriň, Litwanyň, Lýuksemburgyň, Polşanyň, Portugaliýanyň, Slowakiýanyň, Turkiýäniň, Finlýandiýanyň, Fransiýan...

DOWAMY
pic
2 Iýun

ÝURDUŇ KHBS-NIŇ NEŞIR ÖNÜMLERINIŇ IŞINI KÄMILLEŞDIRMEK BOÝUNÇA MASLAHATLAŞMALARYNYŇ WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 2-nji iýunynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda ikigünlük Türkmenistanyň KHBS-niň neşir önümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça maslahatlaşmalarynyň wideoaragatnaşyk arkaly tanyşdyrylyş dabarasy öz işine başlady. Tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan “KHBS ulgamynda reformalary durmuşa geçirmekde ýardam bermek hem-de KHBS barada kanunçylygy kämilleşdirmek” atly taslamanyň çäklerinde guraldy. Çärä ÝHHG-nyň ýolbaşçylary...

DOWAMY
pic
1 Iýun

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli tegelek stol geçirildi

2020-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň derejesiniň şanly 25 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäginde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy bu möhüm çärä bagyşlanan tegelek stol çäresini we Rumyniýadaky türkmen talyplarynyň arasynda geçirilen surat çekmek boýunça bäsleşikde ýeňijilere baýrak gowşurmak dabarasyny geçirdi. Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi öz çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetine ünsi çekip, şu ýylyň 11-12-nji dekabr aralygynda T...

DOWAMY