RSS

SOŇKY HABARLAR

5 Few

AŞGABATDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN HALKARA MEDIA-FORUMY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 5-nji fewralynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan Halkara media-forumy geçirildi. Media forumyň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt žurnalistleri, Hazarýaka döwletleriň halkara habarlar agentlikleriniň, gazet-žurnallarynyň, teleradioýaýlymlarynyň wekilleri, şeýle hem ýurdum...

DOWAMY
5 Few

TÜRKMENISTAN BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ GEÇIRILMEGINE TAÝÝARLYK GÖRÝÄR

Türkmenistan 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda  «Аwaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegine düýpli taýýarlyk görüp başlady. Taryhda birinji iri hazarýaka forumynyň geçirilýän senesiniň Hazar deňziniň güni bilen gabat gelmeginde çuňňur many bardyr. Birinji Hazar ykdysady forumynyň toplumlaýyn taýýarlygy we geçirilmegi boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan Forumy geçirm...

DOWAMY
4 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE UNAMA-NYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyza iş sapary bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Tadamiçi Ýamamotonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn halkara hyzmatdaşlygy ýaly ýörelgelere esaslanýan daşary syýasatynyň çäklerinde Türkmenistanyň raýdaşlygyň mizemez nusgasy hökm...

DOWAMY
4 Few

AŞGABATDA GDA YHDG-NYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer Hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň (YHDG) wekilleri − GDA gatnaşyjy döwletleriň YHDG-nyň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Elwira Dolýa hem-de şol direksiýanyň geňeşçisi Aleksandr Gonçarow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň wekilleri bilen aln...

DOWAMY
31 Ýan

TDIM-DE ÝEWROPA BILELELEŞIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Peter Burianyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar 2019-njy ýylda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.  Bu mazmunda, hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanda...

DOWAMY
30 Ýan

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE ÝTÖB-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Dolandyryjy direktory Bruno Balwaneranyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ÝTÖB-nyň wekilleriniň biziň ýurdumyzda geçirilýän dürli halkara çärelerine işjeň gatnaşmagy, şeýle hem ÝTÖB-nyň Wekilhanasynyň işleýän tutuş döwründe önjeýli hyzmatdaşlyk saklamagy bilen baglylykda Bankyň wekil...

DOWAMY
30 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ RUMYNIÝANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURMAGY

2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Buharest şäherindäki Kotroçeni köşgünde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A.Annaýewiň  Rumyniýanyň Prezidenti jenap Klaus Werner Ýohannise ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Şeýle hem çärä Rumyniýanyň Prezidentiniň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi jenap Bogdan Auresku, Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary jenap Danus Sebastian Nekulaesku hem-de Ilçihananyň diplomatlary gatnaşdylar. Rumyniýanyň Prezidenti bilen gepleşikleriň bar...

DOWAMY