SOŇKY HABARLAR
Gender deňligini ilerletmegiň möhüm ugurlary
2026-njy ýylyň 26-njy martynda «Ýyldyz» myhmanhanasynda gender deňligini ilerletmek we onuň kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça parlamentara dialoga bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, birnäçe döwletleriň wekilleri, žurnalistler gatnaşdylar. Maslahatda gender deňligini pugtalandyrmak boýunça halkara derejede amala aşyrylýan işleriň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy....
Buharestde atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Annaýewiň Rumyniýanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti Marilena Mladin bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar atçylyk we atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Dünýä gymmatlygy we Türkmenistanyň milli nyşany hökmünde ykrar edilen ahalteke atlarynyň taryhy ähmiýetine aýratyn üns berildi. Türkmen tarapy pudagy...
Türkmenistan wekiliýetiniň Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň çärelerine gatnaşmagy we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi
2026-njy ýylyň 25-nji martynda Pariž şäherinde ýerleşýän ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Bilimiň ösüşine gözegçilik boýunça Ählumumy hasabatyň (GEM Report 2026) tanyşdyrylyşyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy hem-de birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Forumyň çäklerinde bilim edarasynyň ýolbaşçysy ýokary derejeli ministrler dialogynda çykyş edip, irki çagalyk biliminiň Türkmenistanda adam kapitalyny kemala getirmegiň we jemgyýetiň durn...
Türkmenistanyň DIM-de GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk meseleleri boýunça duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýewiň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy öňde boljak mejlise aýratyn ähmiýet berýändigi...
Türkmenistanyň DIM-inde Uganda Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Uganda Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Genri Oriýem Okellonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-uganda hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlardaky häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini kan...
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik barada
2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Abbas Arakçiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda taraplar Nowruz baýramy bilen birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdiler. Şunuň bilen birlikde, A. Arakçi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarap...
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar şu ýylyň fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Ark...