SOŇKY HABARLAR
RUMYNIÝADA HAZAR DEŇZI – GARA DEŇZI HALKARA ULAG UGRY BOÝUNÇA HÜNÄRMEN IŞÇI TOPARYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 24-nji iýunynda Buharestde Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda, ýük ugruny güýje girizmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Hazar deňzi – Gara deňzi halkara ulag ugry boýunça hünärmen işçi toparyň dörttaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Mariýa-Magdalina Grigore, Gruziýanyň...
RUMYNIÝANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 24-nji iýunynda Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen Rumyniýanyň DIM-niň Döwlet sekretary jenap Danuts Nekulaeskunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Geçirilen gepleşiklerde taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag, energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada gürrüň etdiler. Şeýle hem, gepleşikleriň barşynda taraplar halkara gün t...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RF-NIŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNA SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR
Ýakyn wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary meýilleşdirilýär. Saparyň dowamynda iki ýurduň arasynda resminamalaryň giň toplumyna garalmagy göz öňünde tutulýar.
“ULAG, LOGISTIKA WE DEŇIZ PORTLARYNYŇ DOLANDYRYŞ ULGAMYNY ÖSDÜRMEKDE TÜRKMEN-KOREÝ HYZMATDAŞLYGY” ATLY ÝÖRITE MASLAHAT GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 20-nji iýunynda Aşgabatda “Ulag, logistika we deňiz portlarynyň dolandyryş ulgamyny ösdürmekde türkmen-koreý hyzmatdaşlygy” atly ýörite maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň, Senagatçylar we telekiçiler birleşmesiniň degişli edaralarynyň wekilleri, Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň diplomatlary, bu ýurduň “Maritime” institutynyň wekilleri şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we ýokary okuw mekdep...
NÝU-ÝORKDA “BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ MIRASY” ATLY TEGELEK STOL GURALDY
2019-njy ýylyň 19-njy iýunynda Nýu-Ýork şäheriniň Milli sungat merkezinde “Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we onuň ýaş nesliň dünýägaraýşyny kämilleşdirmekdäki taryhy orny” atly tegelek stol guraldy. Tegelek stoluň barşynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewa, Rus-amerikan medeniýet gaznasynyň Prezidenti M.Kowalýowa, Smitsonowsk institutynyň Aziýa medeniýet meýilnamasynyň direktory, Aziýanyň, Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň etnologiýasynyň ýolbaşçysy Paul Mihail Teýlor, Orta...
BIŞKEKDE “BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY: TÜRKMEN-GYRGYZ IŞEWÜRLIK GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMEK ÜÇIN MEÝDANÇA” ATLY TEGELEK STOLY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 19-njy iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Senagat, energetika we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak baradaky Döwlet komitetinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy Gyrgyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde şu ýylyň awgust aýynyň 12-sine “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlap “Birinji Hazar ykdysady forumy: türkmen-gyrgyz işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin meýdança” atly tegelek stoluny geçirdi....
AŞGABATDA ÝHHG-NYŇ KHBS-Ň MESELELERI BOÝUNÇA SEMINARY BAŞLADY
2019-njy ýylyň 18-nji iýunynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda ÝHHG-nyň «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygynyň kämilleşmeginde hem-de KHBS ulgamyndaky reformalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk» atly maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän KHBS-ň syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleri boýunça okuw maslahaty öz işine başlady. Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan gurnalan okuw maslahatyna ÝHHG-nyň ýolbaşçylary we weki...