RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Noý

AŞGABATDA ENERGETIKA PUDAGYNDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUMYN IŞ TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň binasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň wekiliýeti paýtagtymyza geldi. Mejlisde özara ynanyşmak we bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi nygtaldy. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, nebiti we gazy gazyp alýan we nebithimiýa senagatynyň kärhanalarynyň munda...

DOWAMY
pic
27 Noý

28-29-NJY NOÝABRDA AŞGABATDA ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ KONFERENSIÝASYNYŇ 28-NJI MEJLISI GECIRILER

2017-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi geciriler. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň nobatdaky 28-nji mejlisi gatnaşyjy döwletleriň hem-de synçy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, halkara we sebit guramalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini birleşdirer. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Aşgabat forumyna uly gyzyklanma bildirýärler.  Energetika Hartiýasynyň Ko...

DOWAMY
pic
24 Noý

BUHAREST ŞÄHERINDE “TÜRKMENISTAN – BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI” KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasynyň guran “Caspian-Black Sea Forum. Beyond energy” diýen çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Dabara Rumyniýada işleýän diplomatik korpusynyň wekilleri, 40 hem gowrak rumyn we daşary ýurt kompaniýalaryň wekilleri, Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary,...

DOWAMY
pic
22 Noý

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY “BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MERKEZIŇ ORNY”ATLY KARARNAMANY KABUL ETDI

2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistan tarapyndan teklip edilen “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziň orny” atly kararnamany kabul etdi. Kararnamanyň awtordaşy bolup 57 ýurt çykyş etdi. Kararnamada Merkeziň sebitiň ýurtlarynyň arasynda umumy ynjalyksyzlyk döredýän soraglary bilen bagly meseleleri çözmek boýunça dialogy berkitmek üçin amala aşyrýan tagallalary oňlanylýar. Kararnamany Baş Assamb...

DOWAMY
pic
18 Noý

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Şu gün, 2017-nji ýylyň 18-nji noýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde maslahat geçirildi, onuň barşynda 14-15-nji noýabrda Aşgabatda geçen Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) jemleri jemlendi, şeýle-hem Owganystanyň parahatçylykly ösüşine ýardam bermek boýunça meýilnamalaýyn işi dowam etmegiň we özarabähbitli sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meýilnamalaryna seredilip geçdildi. Bellenilip geçilşi ýaly, forumyň işine 37...

DOWAMY
pic
16 Noý

AŞGABATDA OWGANYSTAN BOÝUNÇA SEBITLEÝIN YKDYSADY HYZMATDAŞLYK MASLAHATY (RECCA VII) GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda  Aşgabatda owgan meselesi boýunça möhüm soraglaryň çözülmegine özara ylalaşylan çözgütleri işläp taýýarlamakda geljekki tagallalary birleşdirmäge, Owganystanyň parahat galkynyşy we ösüşi üçin bilelikde hereket etmäge, hem-de tutuşlygyna  sebit we sebitara derejede ykdysady integrasiýany güýçlendirmäge ýardam bermegi maksat edinen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi. Masla...

DOWAMY
pic
15 Noý

AŞGABATDA GEÇIRILEN IŞEWÜRLER MASLAHATYNDA SEBITLEÝIN YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY

2017-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) çäklerinde Aşgabatda işewürler maslahaty geçirildi we onuň dowamynda döwlet guramalarynyň, sebit ýurtlarynyň işewürler düzümleriniň, abraýly halkara guramalarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri duşuşdylar.   Forum Owganystanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, geljegi uly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde taga...

DOWAMY