SOŇKY HABARLAR
AWAZADA HALKARA SYÝAHATÇYLYK MASLAHATY AÇYLDY
2017-nji ýylyň 1-nji noýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisiniň açylyşy hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça adybir maslahatyň ilkinji güni geçirildi. Çäreler Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Maslahata ýigrimiden gowrak döwletden: Russiýadan, Hytaýdan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Awstraliýadan, Braziliýadan, Germaniýadan, Çehiýadan, Polşadan, B...
Türkmenistanyň adam hukuklary ulgamynda BMG bilen hyzmatdaşlygy
2017-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Aşgabatda adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek baradaky Pudagara toparynyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda daşary ýurtly bilermenler, hususan-da, BMG-niň adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň, BMG ÖM-niň sebitleýin wekilleri maslahata gatnaşyjylary Birleşen Milletler Guramasynyň bu ulgam boýunça degişli komitetleriniň jemleý...
«Aşgabat” sport toplumynda Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan köpöwüşginli baýramçylyk dabarasy boldy
?Aşgabat” köpugurly sport toplumynda ýurdumyzyň baş baýramyna -- Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan uly baýramçylyk dabarasy boldy. Türkmen halky bu baýramçylyga aýratyn hormat bilen garaýar. Agşam bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň Başlygy we deputatlary, hormatly ýaşulular, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar ýygn...
BUHARESTDA TÜRKMEN-RUMYN IKITARAPLAÝYN SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 16-18-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň DIM-niň halkara guramalar departamentiniň we Ýewropa ýurtlary bölüminiň başlygyndan düzülen wekiliýet Buharestde saparda boldy. Saparyň çäklerinde, 16-njy oktýabrda Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça nobatdaky türkmen-rumyn ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi, 17-nji oktýabrda bolsa degişli bölümleriň başlyklarynyň derejesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýu...
“TÜRKMENISTAN- BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI” DÖWRÜŇ WE SIWILIZASIÝANYŇ GEPLEŞIGI
2017-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdmuhamedowyň “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly taze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä Hökümet agzalary, biziň ýurdumyzda akreditirlenen diplomatik gullugynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem jemgyýetçiligiň, köpçülileýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ýurt baştutanynyň taze kitaby bolan “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň...
TÜRKMENISTAN PARLAMENTARA BILELEŞIGIŇ AGZASY BOLDY
2017-nji ýylyň 15-nji oktaýbrynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Parlamentara Bileleşigiň 137-nji Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen Parlamentara Bileleşigiň Dolandyryjy geňeşiniň 201-nji mejlisiniň karary bilen Türkmenistan Parlamentara Bileleşigiň agzalygyna biragyzdan kabul edildi. Parlamentara Bileleşiginde ýurdumyza Türkmenistanyň Mejlisi wekilçilik eder. Ştab-kwartirasy Ženewada ýerleşýän bu Bileleşik, iň köne halkara guramalaryň biri bolmak bilen, ol parlamentara d...
TÜRKMENISTANDAKY ÝHHG-NIŇ SEMINARY OFŞOR ZOLAKLARYNYŇ ÜSTI BILEN ALNAN GIRDEJILERIŇ KANUNYLAŞDYRMAGYNA GARŞY GÖREŞMEGIŇ ÇÄRELERINI ŞÖHLELENDIRDI
Türkmenistanyň maliýe, hukuk goraýjy we gözegçilik edaralarynyň, şeýle hem täjirçilik banklarynyň we beýleki degişli edaralarynyň wekilleri 2017-nji ýylyň 11-13-nji oktýabrynda Aşgabatda ÝHHG-niň gurnan ofşor zolaklarynyň üsti bilen jenaýatçylyk ýoly bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrmagyna garşy hereket etmek çygrynda öňdebaryjy tejribelerini alyşmak boýunça seminaryna gatnaşdylar. Bu üç günlük çäräniň çäklerinde dürli zolaklarda resmileşdirilen we aýratyn salgyt düzgüni bolan kompaniýal...