SOŇKY HABARLAR
DURNUKLY ULAG ULGAMY BOÝUNÇA ÄHLUMUMY MASLAHATY
Ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek häzirki döwürde Dünýä ösüşiniň gün tertibiniň esasy ugry. Ulag pudagynda ulgamlaýyn we anyk maksada gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň birnäçe kararnamasynda, hususan-da, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün ed...
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasyndaky Türkmenistanyň öňdebaryjy başlangyçlarynyň hereketde durmuşa geçirilmegi
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynyň işiniň başlamagy bilen, parahatçylyga we durnuklylyga, Türkmenistan tarapyndan durnukly ösüşiň hatyrasyna maksatlary durmuşa geçirmek boýunça öňdebaryjy başlangyçlaryň ençemesi öňe sürüldi. Öňdebaryjy türkmen maksatlarynyň biri bolup ynsanperwer ugry çykyş edýär. Türkmenistan sosial ösüşiniň gidişini ynamly ösdürip, BMG-niň esasy halkara Konwensiýalaryndan we beýleki köptaraplaýyn namalaryndan gelip çykýan adam hukuklaryny...
PRES RELIZ
2016-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna sapary amala aşyrylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2016-njy ýylyň 28-nji oktýabry
Türkmenistanyň Mejlisi Pariž Ylalaşygyny tassyklady
Şu gün, Türkmenistanyň Mejlisi 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Howanyň şertleri boýunça maslahatynda (COP-21)makullanan we 2016-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-York şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň baş edarasynda gol çekilen Pariž Ylalaşygyny tassyklady. Türkmenistan howa şertleriniň üýtgemeginiň zeperli netijeleriniň öňüni almagyň tarapdary bolup, howa gurşawyna parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen köpsanly çärelerini yzygiderli geçirýär. Olaryň zyňyndylaryny...
Halkara ulag resminamalarynyň tassyklanylmagy
Şu gün, Türkmenistanyň Mejlisi Serhetlerde ýükleriň barlagyny geçirmegiň şertlerini ylalaşmak hakynda halkara Konwensiýasyny we «Gury portlar» hakynda hökümetara Ylalaşygyny tassyklady. Türkmenistanda milletiň lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ulag pudagynyň maddy-tehniki esasyny toplumlaýyn kämilleşdirmäge, hereket edýän ulag-kommunikasiýa torlaryny giňeltmäge we täze görnüşlerini döretmäge gönükdirilen täze milli maksatnamalary işlenip taýýarlanyldy we durmuşa geçirilýär. T...
Rumyniýaky Brukintal Milli muzeýinde türkmen sergisiniň resmi açylyş dabarasy
2016-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Rumyniýanyň Sibiu şäherindäki Brukintal Milli muzeýinde, Ilçihananyň bu muzeý bilen bilelikde gurnan Türkmenistanyň Sergisiniň resmi açylyş dabarasy boldy. Sergi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygy we 2016-njy ýyly “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýilip yglan edilmegi mynasybetli guraldy. Bu sergide türkmen milli el halylary, milli egin-eşikler, şaý-sepler, milli saz gurallary, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan ylmy...
Pres-reliz
Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň hökümetiniň degişli agzalary Türkmenistana iş sapara bilen gelen Belarus Respublikasynyň Premýer Ministriniň orunbasary A.N.Kalininiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Bu duşuşygyň dowamynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň örän giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýratyn-da ýurdumyzda Belarus kompaniýalarynyň alyp barýan işleriniň birnäçesine seredildi. Mälim bolşy ýaly, bu işleriň iň irisi hökmünde OAO “Belgo...