SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Buharest şäherindäki rumyn-rus mekdebinde “Türkmenistanyň hepdeligi” atly medeni çäre geçirdi.
2016-njy ýylyň aprel aýynyň 25-29-y aralygynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygyna we “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” mynasybetli Rumyniýanyň Buharest şäherindäki rumyn-rus mekdebinde “Türkmenistanyň hepdeligi” atly medeni çäre guraldy. Bu “Türkmenistan hepdeligi” atly çäräniň dowamynda Ilçihananyň wekilleri tarapyndan bu mekdebiň okuwçylaryna Türkmenistan hakynda açyk sapaklar geçirildi hem-de mekdebiň binasynyň esasy zal...
Buharestde Türkmenistanyň Şanly Garaşsyzlygynyň 25-Ýyllygy Mynasybetli sport ýaryşy geçirildi
2016-njy ýylyň aprel aýynyň 9-na Rumyniýanyň Buharest şäheriniň merkezi sport toplumynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygy we Türkmenistanda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly şygar bilen geçirilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreler mynasybetli mini-futbol boýunça sport ýaryşy geçirildi. Bu ýaryşa Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň işgärleri bilen bilelikde Rumyniýanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkme...
Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy birnäçe resminamalara gol çekdiler
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) arasynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk boýunça wajyp resminamalaryna gol çekmek dabarasy geçirildi. Şu aşakdaky resminamalara gol çekildi: Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) arasyndaky Hyzmatdaşlygyň 2016-2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça Maksatnamasynyň Hereketler Meýilnamasy, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bi...
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň söwda we senagat ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we senagat ministri Tawfik ben Fewzan Al-Rabiany kabul etdi. Ol Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň dördünji mejlisine hem-de bilelikdäki işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin wekilçilikli topara ýolbaşçylyk edip Aşgabada geldi. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi bar...
Buharest şäherinde ýerleşýän Rus Medeni merkezide “Bilelikde Bahary garşylaýarys” şygary bilen sergi-ýarmarkasy guraldy.
2016-njy ýylyň mart aýynyň 12-ne Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy, Ermenistanyň, Belarussiýanyň, Gazagystanyň we Russiýanyň Ilçihanalary bilen bilelikde Buharest şäheriniň taryhy merkezinde ýerleşýän Rus Medeni merkezide “Bilelikde Bahary garşylaýarys” şygary bilen sergi-ýarmarkasyny gurady. Dabaraly ýagdaýda geçirilen sergi-ýarmarkasynda ýurtlaryň medeni-taryhy ýadygärlikleri baradaky foto suratlar, milli saz gurallar, milli egin e...
Türkmenistanyň Prezidenti 5-nji aprel - 5-nji maý aralygynda köpçülikýleýin bedenterbiýe-sport çärelerini geçirmek hakynda Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 5-nji aprel - 5-nji maý aralygynda köpçülikýleýin bedenterbiýe-sport çärelerini geçirmek hakyndaky Karara gol çekdi Jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek hem-de ösdürmek, saglygy goraýyş we sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şeýle hem Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hem-de sagdyn durmuş-medeni çäreleri geçirmek boýunça başlangyjy dowam etdirmek maksady b...
Delide Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp halkara maslahat geçirildi
2016-njy ýylyň 13-nji fewralynda, Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyny ýerine ýetirmek çarçuwasynda, şeýle hem, 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Nýu Deli şäheriniň «Täj Mahal» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçihanasy Hindi-Türkmen Dostluk Jemgyýeti bilen bilelikde «Garaşsyzlygynyň we ösüşiň 25 ýyly: Türkmenistan we Hindistan» atly...