RSS

SOŇKY HABARLAR

26 Maý

TÜRKMENISTAN BILEN RUMYNIÝANYŇ ARASYNDA BILIM ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK ETMEK BOÝUNÇA RESMINAMA GOL ÇEKILDI

Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy maýynda, Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň bilim ministrligi bilen Rumyniýanyň bilim ministrliginiň arasynda bilim babatynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi. Resminama türkmen tarapyndan Türkmenistanyň bilim ministri G.Ataýewa, rumyn tarapyndan bolsa, Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawal gol çekdiler.

DOWAMY
26 Maý

RUMYNIÝADA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI TAMAMLANDY

2023-nji ýylyň 25-nji maýynda Rumyniýanyň Konstansa şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy. "Jean Constantin" ýaşlar üçin köpugurly bilim merkeziniň eýwanynda sergi açyldy. Onuň esasy bölegi Magtymguly Pyragynyň kitaplaryndan, goşgular ýygyndylaryndan, şeýle hem türkmen halkynyň taryhyna, ýurdumyzyň täsin tebigatyna we syýahatçylygyň özüne çekijiligine bagyşlanan meşhur ylmy edebiýatdan ybarat boldy. Sergi bilen tanyşlyk mahalynda çärä gatnaşyjylar dünýä siwilizasiýasynyň ös...

DOWAMY
24 Maý

TÜRKMEN-RUMYN MEDENI GATNAŞYKLARYNYŇ ÖSDÜRILMEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary N.Şirimowyň Rumyniýanyň medeniýet ministri Luçian Romaşkanu bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy myhmansöýerligi hem-de Türkmenistanyň medeniýet günlerini geçirmäge ýardam bereni üçin rumyn tarapyna hoşallyk bildirdi. Taraplar medeni ulgamda iki ýurduň gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellediler. Hereket edýän ikitaraplaýyn medeni...

DOWAMY
23 Maý

RUMYNIÝADA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY

2023-nji ýylyň 22-26-njy maýynda Buharest we Konstansa şäherlerinde geçiriljek Türkmenistanyň medeniýet günlerine gatnaşmak üçin Rumyniýa Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň wekillerinden, sungat işgärlerinden, alym-professorlardan, şeýle-de habarçylardan düzülen topar geldi. 22-nji maýda Buharestde Türkmenistanyň Rumyniýadaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara Rumyniýanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, ylym we sungat işgärleri, bu ýurtda akkreditirlenen diplomatik eda...

DOWAMY
21 Maý

TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BILEN UNESCAP-YŇ KARARNAMASY KABUL EDILDI

Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Bangkokda (Tailand) geçirilen 79-njy sessiýasynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň başlangyjy esasynda bu Komissiýanyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň howdany boýunça Ýörite Maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasy biragyzdan kabul edildi. Türkmenistan bilen bilelikde bu halkara ähmiýetli kararnamanyň döredijileri hökmünde Azerbaýjan, Ermenistan...

DOWAMY
17 Maý

THE UN GENERAL ASSEMBLY, AT THE INITIATIVE OF TURKMENISTAN, PROCLAIMED NOVEMBER 26 AS THE WORLD SUSTAINABLE TRANSPORT DAY

The United Nations General Assembly, led by Turkmenistan's initiative, has proclaimed November 26 as World Sustainable Transport Day. This significant proclamation stems from the inaugural Global Conference on Sustainable Transport held in Ashgabat on November 26, 2016. The resolution endorsing this day was adopted by the UN General Assembly on May 16, 2023, during the 70th plenary meeting of its 77th session. Presenting the resolution "World Day of Sustainable Transport", the Permanent Re...

DOWAMY
17 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI “RUSSIÝA – YSLAM DÜNÝÄSI: KAZAN FORUM2023" HALKARA YKDYSADY FORUMA GATNAŞÝAR

Şu gün, 2023-nji ýylyň 17-nji maýynda, “Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Forum2023" atly XIV halkara ykdysady foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Kazana geldi. Forumyň maksady Russiýanyň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň agza ýurtlarynyň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni gatnaşyklaryny berkitmekden ybarat bolup durýar. Çäräniň maksatnamasyna onlarça...

DOWAMY