CELE MAI RECENTE STIRI
Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen geçirilen duşuşyk hakynda
2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň işiniň netijeliligini bellediler we hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar Aşgabatda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň b...
Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi
2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi. «Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly plenar mejlisde çykyş edenler Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda parlament gatnaşyklaryny berkitmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Hal...
Aşgabat şäherinde Maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Duşuşykda iş toparynyň türkmen tarapyna Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň döwlet maliýe serişdeleri we ykdysady syýasaty boýunça umumy müdirliginiň başlygy Galina Romanowa, hytaý tarapyna HHR-iň Söwda ministrliginiň daşary maýa goýumlar we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça departamentiniň başlygynyň orunbasary Ýan Hao ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga Türkmenist...
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumynyň jemleri boýunça brifing
2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumynyň jemleri boýunça brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýerli we daşary ýurt KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar. Brifingde çykyş edenler şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aş...
Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda maslahat geçirildi. Onda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabaraly maslahata gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň baş binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Sergide fotosuratlar, şekillendiriş,...
Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi
2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Irden dostlukly döwletiň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumyna tarap ugrady. Köşkler toplumynyň merkezi girelgesiniň öňünde belent mertebeli myhmany Prezident Serd...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy hakynda
2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow çakylygy kabul edip, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşýandygy üçin goňşy ýurduň döwlet Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi hem-de ony Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek mähir...