"Hazar deňzi - Gara deňiz" Halkara ulag koridorynyň Ekspert Iş Topary ýygnagy gecirildi.

2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda, türkmen tarapynyň başlangyjy bilen, “Hazar deňzi - Gara deňiz” halkara ulag geçelgesi boýunça Hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Azerbaýjanyň, Gruziýanyň wekilleriniň, Rumyniýanyň we Türkmenistanyň Ilçihanalarynyň, şeýle hem ministrlikleriň we pudak edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda hünärmenleriň dörttaraplaýyn iş toparynyň nobatdaky mejlisi göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Türkmen tarapyndan Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş müdiriniň orunbasary Annaýew Batyr wekilçilik etdi.  Rumyniýa tarapyna Transport we infrastruktura ministrliginiň Döwlet sekretary Adrian Jorj Fogiş - halkara üstaşyr we transport ýolunyň utgaşdyryjysy we ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň başlygy wekilçilik etdi.

Çykyş edenler gutlag sözi bilen çykyş edip, gatnaşyjy ýurtlaryň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini, şeýle hem köptaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde ileri tutulýan ugurlaryň arasynda ulag hyzmatdaşlygynyň roluny bellediler.

Duşuşyga gatnaşyjylar “Hazar deňzi - Gara deňiz” halkara ulag geçelgesiniň kontinentara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki orny we ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Gatnaşýan ýurtlaryň bar bolan ulag infrastrukturasyna we olary giňeltmegiň mümkinçiliklerine syn geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar dört ýurduň transport pudagynda milli kanunçylygyň meselelerine, şeýle hem “Hazar deňzi - Gara deňiz” halkara ulag geçelgesiniň döredilmegine goşant goşýan milli derejede kadalaşdyryjy hukuk aktlaryny ösdürmek we durmuşa geçirmek mümkinçiligine garadylar.