TÜRKMENISTAN-BMG: PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE ÄHLUMUMY ÖSÜŞIŇ STRATEGIÝASY

Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge bilelikde we işjeň gatnaşmak, ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, oňyn halkara dialogyna hemmetaraplaýyn ýardam bermek Türkmenistanyň daşary syýasaty işiniň we diplomatiýasynyň strategik taýdan möhüm ugry bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga we dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, ýagny ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, hoşmeýilli erk-islege esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegi, dünýäde durnukly ösüşiň üpjün edilmegi mundan beýläk-de Garaşsyz türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolar.

Türkmenistan abraýly halkara, sebit we döwletara hyzmatdaşlyk mehanizmlerine işjeň gatnaşmak bilen, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar, deňeçerli we jebisleşdiriji halkara gün tertibiniň yzygiderli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen maksada okgunly we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň strategik ugry bilen üpjün edilýär.   

Türkmen döwleti ählumumy parahatçylygy we ähli taraplaryň bähbitleriniň  deňagramlylygyny üpjün etmäge gönükdirilen ählumumy hereketleriň ulgamyny gorap saklamak babatda BMG-niň utgaşdyryjy ornuny pugtalandyrmak boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Türkmenistan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek meseleleri boýunça kesgitleýji binýat hökmünde Guramanyň möhüm ornuny ykrar edýär.

Halkara syýasatynyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri döwrüň möhüm meselelerini hem-de wehimlerini çözmekde dünýäniň ähli döwletleriniň utgaşykly hem-de ulgamlaýyn hyzmatdaşlygynyň netijelidigini ençeme gezek görkezdi. Soňky ýyllaryň dünýä we sebit derejesindäki wakalary parahatçylygy gorap saklamagyň, howpsuzlygy we durnuklylygy  pugtalandyrmagyň halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary bolmagynda galjakdygyny aýdyňlygy bilen görkezýär.

Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň jogapkärli gatnaşyjysy bolmak bilen hem-de özüniň halkara derejesinde ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna gyşarnyksyz eýerip, baş maksada ýetmäge  – howpsuzlyk düşünjesiniň bitewüligi we bölünmezligi ýörelgesi esasynda ählumumy ulgamy döretmäge çalyşýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öňünde durýan maksatlar hem-de wezipeler, onuň ileri tutýan daşary syýasy we daşary ykdysady ugurlary, şeýle hem dürli meseleleri çözmäge deňeçerli çemeleşmesi dünýä ösüşiniň prosesleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Döwlet syýasatynyň yzygiderliligi, ýurduň içeri we daşary syýasatynyň strategik wezipeleriniň umumylygy we özara baglanyşygy, halkara durmuşynyň ähli möhüm ugurlarynyň milli bähbitler bilen sazlaşygy Türkmen döwletiniň ählumumy syýasy-diplomatik giňişligindäki işlere işjeň gatnaşmaga gönükdirilen  daşary syýasatynyň netijeliligini kesgitleýän möhüm görkezijiler bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmündäki özboluşly halkara hukuk ýagdaýy, çäk taýdan amatly ýerleşmegi we uly serişdeler kuwwaty, parahatçylyk döredijilik işinde gazanan uly tejribesi hem-de döwletara meseleleriniň parahatçylykly ýollar bilen çözülmegine ygrarlylygy dünýä we sebit derejelerinde pikirleri hem-de teklipleri netijeli ilerletmäge mümkinçilik berýän zerur şertler bolup durýar.

Şunda, häzirki döwrüň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda we çözmekde Türkmenistanyň eýeleýän netijeli we işjeň orny döwletimize özara ynanyşmak we düşünişmek, deňhukuklylyk ýagdaýynyň pugtalandyrylmagyna, ähli döwletleriň we halklaryň bähbitleriniň deňeçerliginiň üpjün edilmegine ýardam berýän ählumumy prosesleriň doly hukukly gatnaşyjysy hökmünde özüniň ýokary derejesini saklamaga we pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär.      

Şunuň bilen baglylykda, däp bolşy ýaly, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 78-nji mejlisiniň açylmagynyň öňüsyrasynda geljekki döwür üçin döwletimiziň ileri tutýan garaýyşlaryny işläp taýýarlady. Öz üstüne alan halkara borçnamalaryny durmuşa geçirmegi işjeň dowam etmek bilen, Türkmenistanyň täze başlangyçlary syýasy-diplomatik, energetika, ekologiýa we ynsanperwer häsiýetli meselelerini öz içine alýan  ählumumy ösüşiň binýatlaýyn ugurlary boýunça netijeli dialogy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gönükdiriler.

Öňde boljak mejlisiň barşynda döwletimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň ählumumy we sebit meseleleri boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmegi dowam eder.

Bu möhüm resminama özünde birnäçe esasy ugurlary jemleýär. Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri şolaryň hatarynda aýratyn orun eýeleýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan howpsuzlygyň bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bölünmezligi we özara baglanyşyklylygy ýörelgesine eýerýär. Howpsuzlygyň hiç bir ugry, onuň birnäçe beýleki  ugurlary  üpjün edilmezden, uzakmöhletleýin we doly derejeli bolup bilmez.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň dowamynda alyp barjak  işinde Türkmenistan bitaraplyk, goşulyşmazlyk, gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy ýollar arkaly çözülmegine ygrarlylyk ýörelgelerinden ugur alar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda BMG we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri hem-de institutlary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Bu gün Türkmenistan BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleri we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, ählumumy ösüşiň möhüm ýagdaýlaryny we meýillerini  nazara almak bilen, Global howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip edýär.

Bu strategiýa gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň we aradan aýyrmagyň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasynyň ulanylmagy; jedelleri we gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmek üçin bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy; şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara ýyly hem-de 2023-nji ýyly Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly diýip yglan etmek baradaky çözgütleri esasynda ynanyşykly dialog medeniýetiniň dikeldilmegi ýaly ugurlary özünde jemlemelidir.

“Merkezi Aziýa-BMG” görnüşindäki inklýuziw, doly derejeli we ulgamlaýyn dialog bilen baglylykda, Türkmenistan Guramanyň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen goňşy zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek başlangyjy bilen çykyş edýär.  Sebitde durnukly, gapma-garşylyksyz ösüşi üpjün etmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we dünýä jemgyýetçiliginiň, halkara guramalaryň, maliýe we ykdysady institutlaryň  tagallalaryny ýakynlaşdyrmaga we utgaşdyrmaga gönükdirilen çemeleşmeleri we çözgütleri işläp taýýarlamak bu Maslahatyň esasy maksadydyr. Türkmen tarapy maslahatyň birinji mejlisini 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmäge taýýardygyny beýan edýär.

Azyk meselesini çözmekde BMG-ä goldaw bermek Türkmenistanyň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça alyp barýan işiniň ýene-de bir möhüm ugurlarynyň  biridir. Şulardan ugur alyp, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda hem-de Bütindünýä Azyk Maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar Gaznasy, Azyk we Oba Hojalyk Guramasy  bilen hyzmatdaşlykda Azyk howpsuzlygy boýunça iri halkara forumyny çagyrmagy teklip edýär.

Terrorçylyga garşy halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen baglylykda, Türkmenistan bu ulgamda bilim bermek işini ösdürmegiň, şol sanda terrorçylyga garşy göreşmäge gönükdirilen maksatnamalary ornaşdyrmagyň, okuw meýilnamalaryny işläp taýýarlamagyň, aň-bilim işlerini güýçlendirmegiň, medeniýetleriň arasynda dialogy pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtaýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň binýadynda Merkezi Aziýa üçin Terrorçylyga garşy göreşmek maksatnamasyny döretmek boýunça işleri dowam etdirer.

Merkezi Aziýada durnuklylygy gorap saklamak we pugtalandyrmak nukdaý nazaryndan Owganystanda parahatçylygy hem-de ylalaşygy gazanmaga ýardam bermek, şol sanda goňşy ýurda ykdysady we ynsanperwer kömegini bermek halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň biri bolup durýar.

Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygyny geçirmek, şeýle hem 2024-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň Halkara maslahatyny guramak teklip ediler. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Aşgabat şäherinde bitaraplyk we onuň bilen baglanyşykly meseleler boýunça ylmy barlaglary we işleri geçirmek üçin netijeli meýdança boljak Bitaraplyk we Howpsuzlyk institutyny döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýär.

Halkara we sebit derejesinde durnukly ösüşi pugtalandyrmak bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti bilen bilelikde, Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek meselelerine bagyşlanan aýratyn ministrler derejesindäki dialogy döretmek başlangyjy bilen çykyş edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Üznüksiz, durnukly we ygtybarly energiýa mobilligi we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki onuň aýratyn orny” atly Kararnamany kabul etmek mümkinçiligine seretmegi teklip edýär. Kararnamanyň taslamasynyň çäklerinde 2025-nji ýylda Aşgabatda “Durnukly energetika hemmeler üçin” atly halkara maslahaty geçirmek mümkinçiligi  göz öňünde tutuldy.

Türkmenistanyň energetika netijeliligi meselelerine we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmaga gyzyklanmasyny nazara almak bilen, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak, şeýle hem energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ulgamyny ösdürmek babatda gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy beýan edilýär.

Türkmenistan ulag ulgamyndaky halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge 78-nji mejlisiň çäklerindäki işiniň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan birnäçe başlangyçlar, ýagny BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Durnukly  ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda arabaglanyşygy berkitmek” atly Kararnamasynyň taslamasyny taýýarlamak, BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti bilen bilelikde, 26-njy noýabryň Bütindünýä durnukly ulag güni diýlip yglan edilmegi mynasybetli Aşgabat prosesiniň çäklerinde Baş Assambleýanyň durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ýokary derejeli mejlisini geçirmek, şeýle hem şu ýylyň dekabr aýynda Durnukly ulag boýunça dostlar toparynyň ýokary derejedäki birinji duşuşygyny geçirmek teklibi bilen çykyş eder.   

Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň 78-nji mejlisiniň çäklerinde dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekjek ýene-de bir möhüm ugurlarynyň biri hem ekologiýa meselesidir. Howanyň üýtgemeginiň we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagynyň meseleleri bu mesele bilen berk baglanyşyklydyr.

Türkmenistan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine uly üns berýär we bu ulgamda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Döwletimiz BMG-niň ekologiýa howpsuzlygy meseleleri boýunça birnäçe Konwensiýalaryna gatnaşmak bilen, tebigaty goramak häsiýetli meselelerde işjeň orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda,  ýurdumyz BMG tarapyndan möhüm hasaplanylýan ekologiýa meselesine mundan beýläk-de uly üns bermegini dowam eder. Aral deňziniň meseleleri we Hazar deňzi sebitinde daşky gurşawy goramak meseleleri şolaryň hataryndadyr.

Türkmenistan ekologiýa meselesine düýpli çemeleşmelerinde BMG-niň bu ugurdaky köptaraplaýyn resminamalaryny durmuşa geçirmegiň ählumumy, sebit we milli gurallarynyň utgaşdyrylmagynyň we özara üstüniň ýetirilmeginiň möhümdiginden ugur alýar.

Merkezi Aziýada  ekologiýa meselelerine strategik çemeleşmäni kabul etmekde möhüm ädim hökmünde Türkmenistan ýöriteleşdirilen düzümi—Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek teklibi bilen çykyş edýär.

Türkmenistan “Global metan borçnamasy” boýunça başlangyçlaryny ilerletmek boýunça tagallalaryny işjeňleşdirmegi maksat edinýär. Türkmenistanyň bu resminama goşulmagyndan ugur alnyp hem-de Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasynyň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýüze çykýan parnik gazlarynyň we metanyň zyňyndylarynyň möçberlerini yzygiderli azaltmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligine gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, BMG-niň howandarlygynda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ählumumy strategiýany işläp taýýarlamaga girişmek teklip edilýär.

Bu ugurdaky anyk ädim hökmünde BMG-niň degişli düzümleriniň hem-de Metan zyňyndylary boýunça halkara obserwatoriýasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda halkara maslahaty geçirmek teklip edilýär.

Hazar meselesi boýunça netijeli hyzmatdaşlygy nazara almak bilen, Türkmenistan “Hazar ekologiki başlangyjy” döretmek baradaky teklibi hödürleýär. Bu başlangyç Hazar deňziniň daşky gurşawyny, onuň bioserişdelerini gorap saklamak, şeýle hem birnäçe ekologiýa meselelerini çözmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlyk üçin halkara meýdançasy bolar.

Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we hoşniýetli goňşuçylygy gorap saklamak,şeýle hem sebitiň serhetýaka derýalarynyň suwuny peýdalanmagyň mehanizmlerini ýola goýmak maksady bilen, baş edarasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän—Merkezi Aziýa ýurtlarynda  suw serişdelerinden peýdalanmagyň meseleleri boýunça BMG-niň sebit geňeşini döretmek başlangyjyna seretmek teklip edilýär.

Saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde, olaryň durmuş-ykdysady täsirlerini azaltmakda, lukmançylyk diplomatiýasynyň gurallaryny ýola goýmakda halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmek boýunça işini dowam eder.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde ýokanç keseller boýunça halkara ylmy maslahaty, şeýle hem 2024-nji ýylyň aprel aýynda BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy bilen bilelikde “Saglyk-2020 syýasatynyň düzgünleri bilen baglylykda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynyň”  10 ýyllygyna bagyşlanan ýokanç däl keseller boýunça ministrler derejesindäki Ýewropa maslahatyny geçirmegi teklip edýär.

Ynsanperwer ulgamy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Türkmenistan özüni ynsanperwer hukugy ulgamynda halkara borçnamalaryny hemmetaraplaýyn we gyşarnyksyz ýerine ýetirýän döwlet hökmünde tanatdy. Türkmenistan BMG-niň adam hukuklary we azatlyklary babatdaky möhüm ähmiýetli konwensiýalaryny we beýleki köptaraplaýyn halkara namalaryny gyşarnyksyz berjaý etmäge ygrarlydygyny tassyklamak bilen, ynsanperwer ulgamda anyk işleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan edýär.

Şu gezekki mejlisiň dowamynda munuň özi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmegine 75 ýyl hem-de Wena Jarnamasynyň we hereketler maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bu seneler mynasybetli birnäçe çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda adamlaryň goldawa mätäç toparlaryny: bosgunlary, migrantlary we raýatlygy bolmadyk adamlary goramaga aýratyn üns berler. Türkmenistan raýatsyzlygy azaltmak we öňüni almak boýunça uly ösüş gazandy. 2024-nji ýylda ýurdumyz bu meselä bagyşlanan sebit maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýär.

Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogynyň işini giňeltmek maksady bilen, türkmen tarapy bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek başlangyçlary bilen çykyş edýär. BMG-niň degişli edaralary bilen “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” diýen ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça Zenanlaryň dialogynyň yzygiderli esasdaky geňeşmeleriniň mehanizmini döretmek, şeýle hem sebitara hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, maglumat we tejribe alyşmak üçin meýdançany döretmek, bilelikdäki çäreleri hem-de forumlary geçirmek teklip edilýär.

Sebitiň ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasyndaky köptaraplaýyn dialogyň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, şu ýyl Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň Ýaşlarynyň dialogynyň esaslandyryjy mejlisini geçirmek teklip edilýär.

BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen taslamalaýyn--maksatnamalaýyn işini  giňeltmegi göz öňünde tutýar we şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO), Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO), Halkara Zähmet Guramasynyň, Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) hem-de Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirliginiň (UNOPS) wekilhanalaryny açmak boýunça degişli çäreleri amala aşyrar.

Medeniýetleriň arasyndaky dialogy ilerletmek hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara gatnaşyklarynda köpdürliligi goldamak boýunça kararnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan 2024-nji ýylda ÝUNESKO hem-de TÜRKSOÝ bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabatlap, Türki dilleriniň halkara hepdeligini geçirmegi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Bütindünýä türki dilleriniň güni” atly kararnamasyny kabul etmek mümkinçiligine seretmegi teklip edýär.

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäklerinde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga, şeýle hem durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça mundan beýläk-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan edýär we şunda Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň esasyny düzýän parahatçylyk we adalatlylyk taglymlaryndan ugur alar.